Ï Rus kompaniýalary Türkmenistanda täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge taýýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Rus kompaniýalary Türkmenistanda täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge taýýar

view-icon 3596
Rus kompaniýalary Türkmenistanda täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge taýýar

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen forumdaky çykyşynda, rus kompaniýalarynyň türkmen bazarynda iri möçberli täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek meýilnamalarynyň bardygyny aýtdy.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň depginli ösýändigini nygtady.

«2025-nji ýylyň ilkinji 10 aýynda söwda dolanyşygy eýýäm 35% artypdyr, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende has köpdür. Rus kompaniýalary türkmen bazarynda täze-täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge meýilli» diýip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin belledi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň dostluk we hoşniýetli goňşulyk ruhunda pugtalanýandygyny we köp polýusly häzirki dünýäde hyzmatdaşlygyň nähili gurulmalydygynyň aýdyň mysaly bolup hyzmat edýändigini belledi.

Wladimir Putiniň sözlerine görä, bu iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk energetika we ulag ýaly ugurlarda işjeň ösýär. Bu pudaklar hyzmatdaşlygy artdyrmak üçin ileri tutulýan ugurlardyr.

«Russiýanyň we Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagynda Hazar deňzinde we Merkezi Aziýada giň gerimli köptaraplaýyn ykdysady başlangyçlar durmuşa geçirilýär, Demirgazyk – Günorta baş ulag geçelgesi gurulýar, ikitaraplaýyn sebitara gatnaşyklar hem yzygiderli ösýär» diýip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti nygtady.

Çykyşynyň ahyrynda Prezident Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli garşy alandygy we myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirdi.