Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda tutuş ýurt derejesinde uly buýsanç, şatlyk- şowhun bilen bellenilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň dabaralary Balkan welaýatynda hem juda uludan tutuldy. Şeýle dabaralaryň biri «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat şäherindäki Nebitçileriň medeniýet köşgünde geçirildi.

Çäksiz söýgä, bimöçber buýsanja beslenen dabara döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň derwaýys pudagynda zähmet çekýän hünärmenlerdir inžener-tehniki işgärler, şeýle-de önümçilik düzümleriniň ýolbaşçylary, ýaşuly nesliň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerine Gutlagy toý märekesiniň buýsançly kalplarynda şatlyk duýgularyny döretdi. Dabaraly maslahatda edilen buýsançly çykyşlarda hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli ägirt uly işler hakynda aýratyn durlup geçildi. Şeýle-de özleri baradaky, halkymyz hakyndaky irginsiz aladalardan göwünleri galkynan dabara gatnaşyjylar ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny düýpli galkynyşa eýe edip, ony dünýä derejesine çykarmagy başaran Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş, hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Baýramçylyk çäresinde ulgamyň öňdebaryjy işgärlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Täsirli, şowhunly geçen dabaranyň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary dabara gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady. Olaryň çykyşlarynda nebit-gazly, toýly ülkämiziň, merdana halkymyzyň, dana döwlet Baştutanymyzyň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, dost-doganlygyň waspy aýdyň beýanyny tapdy. Tans, halk döredijilik toparlarynyň baý mazmunly, joşgunly çykyşlary-da taryhy senäniň hormatyny, şanly derejesini has-da arşa göterdi.