Ï Aşgabat Jarnamasy: emeli aň parahatçylyga, gepleşige we durnukly ösüşe ýardam etmelidir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat Jarnamasy: emeli aň parahatçylyga, gepleşige we durnukly ösüşe ýardam etmelidir

view-icon 105
Aşgabat Jarnamasy: emeli aň parahatçylyga, gepleşige we durnukly ösüşe ýardam etmelidir

Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşyjylar – döwlet we hökümet Baştutanlary – sanly tehnologiýalaryň we emeli aňyň ahlak taýdan ulanylmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny nygtadylar. Bu barada forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynda bellenilýär.

«Sanly tehnologiýalaryň we emeli aňyň parahatçylyga, gepleşige we durnukly ösüşe ýardam bermekdäki mümkinçiliklerini, şol bir wagtyň özünde BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine laýyklykda olaryň ahlak taýdan ulanylmagyny üpjün etmegiň zerurlygyny berk nygtamak bilen, ony ykrar edýäris» diýlip, Aşgabat Jarnamasynda aýdylýar.

Wekiller, şeýle hem parahatçylygyň, ynanyşmagyň we gepleşikleriň halkara gatnaşyklaryň iň möhüm sütünleri we adalatly, ähli gatnaşyjylary öz içine alýan hem-de howpsuz dünýä tertibiniň binýady bolup galýandygyny tassykladylar.

«Barha çylşyrymlaşýan we özara bagly dünýä şertlerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlarynda, ýörelgelerinde beýanyny tapan, parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini yzygiderli syýasy erkiň, açyk aragatnaşygyň, hakyky köptaraply gepleşikleriň üsti bilen berkitmegiň zerurdygyny nygtaýarys hem-de bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Siwilizasiýalar bileleşiginiň işini makullaýarys» diýlip, Aşgabat Jarnamasynda bellenilýär.

12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum geçirildi. Oňa Ermenistanyň, Yragyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň Prezidentleri, şeýle hem Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Pakistanyň we başga-da birnäçe döwletleriň Premýer-ministrleri gatnaşdylar.