Ï Pomidoryň bol hasyly kemala getirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Pomidoryň bol hasyly kemala getirilýär

view-icon 2055
Pomidoryň bol hasyly kemala getirilýär

Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ahmet Haýdar» hususy kärhanasynyň döwrebap ýyladyşhanasynda pomidoryň bol hasyly kemala getirilýär.

2018-nji ýylda ulanylyşa girizilen, 3 gektar meýdanda ýerleşýän bu ýyladyşhanada işçi-hünärmenleriň 40-a golaýy zähmet çekýär. Bu ýerde öňler pomidor nahallary taýyn görnüşde satyn alynan bolsa, häzirki wagtda pomidoryň tohumyndan ýetişdirmek ýola goýlupdyr. Ýyladyşhanada awgust aýynda pomidor şitilleriniň 70 müň düýbi oturdylypdyr. Olara göwnejaý ideg edilmegi netijesinde irki möhletde pomidoryň bol hasyly kemala getirilipdir.

Ýyladyşhananyň häzirkizaman innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy, pomidor şitillerini iýmitlendirmek, şeýle hem ýyladyşhanada howa çalşygyny amala aşyrmak, durnukly ýylylygy saklamak işlerini awtomatiki usulda kompýuterleriň üsti bilen amala aşyrmaklyga şert döredýär. Ýyladyşhanada Niderlandiýadan getirilen kuwwatly suw sorujy we arassalaýjy enjamlaryň oturdylmagy, pomidor nahallaryny bökdençsiz suw bilen üpjün etmeklige mümkinçilik berýär. Bu ýerde her biriniň sygymy 50 müň litre deň bolan ätiýaçlyk suw howdanlarynyň gurlandygyny hem belläp geçmek bolar.

Desgada pomidor nahallarynyň düýp emele getirişine, ösüşine, hasyla durşuna ýörite synag enjamlarynyň üsti bilen hünärmenler tarapyndan yzygiderli gözegçilik edilýär. Bu döwrebap ýyladyşhananyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem pomidor nahallarynyň Şri-Lanka döwletinden getirilen kokos gabygynyň gyryndylary ýerleşdirilen gaplarda oturdylýanlygydyr. Pomidor nahallarynyň güllän mahaly tozanlandyryş işleriniň ýörite arylaryň üsti bilen amala aşyrylmagy hem bu gymmatly azyklyk ekininiň hasylynyň deň ululykda ýetişmeklerine ýardam edýär. Tozanlandyryş işlerini geçýän arylaryň Türkiýe Respublikasyndan getirilendigini hem ýatlap geçmek bolar. «Ahmet Haýdar» hususy kärhanasynyň ýyladyşhanalar toplumynda işleriň guramaçylykly alnyp barylmagy, agrotehniki kadalaryň doly berjaý edilmegi pomidoryň bol hasylyny ýetişdirmeklige, ýagny her düýpden ortaça 12 kilogram, her gektardan bolsa, 230 tonna töweregi ýokary hilli, ekologiki taýda arassa pomidor hasylyny almaklyga mümkinçilik berýär.

Şu ýylyň pomidor hasylyny ýygnamak işlerine noýabr aýynda girişilipdir. Häzirki wagta çenli ýygnalan pomidor hasylynyň möçberi 130 tonnadan geçipdir. Hususy kärhana boýunça ýylyň dowamynda, ýagny, geljek ýylyň iýun aýyna çenli 700 tonna golaý pomidor hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär. Häzirki wagta çenli ýygnalan hasylyň 33 göterimi içki bazarlara ugradylypdyr. Pomidor hasylynyň Russiýa Federasiýasyna hem-de Gazagystan Respublikasyna ugradylýandygyny hem bellemek möhümdir. Pomidor hasylyny ýerleşdirmeklige niýetlenen plastik gaplaryň bu hususy kärhananyň özünde taýýarlanmagy-da aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

«Ahmet Haýdar» hususy kärhanasynda zähmet çekýänleriň aglabasy ýaşlar bolup, olaryň arakesme döwründe talabalaýyk dynç almaklary, naharlanmaklary üçin ähli şertleriň döredilendigini belläp geçmek bolar.