Taryhy ähmiýetli tutumly dabaralara, şanly wakalara beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny üstünlikli jemleýän önümçilik toplumlarynyň biri-de Balkan welaýatynyň Gyzylarbat şäherindäki «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetidir.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň öňdebaryjy kärhanalarynyň hatarynda tanalýan toplumyň hünärmenleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhuna mynasyp zähmet çekýärler. Ösen tehnologiýalar, kämil tilsimatlar bilen birkemsiz üpjün edilen kärhanada işler birnäçe çalşykda saz we bökdençsiz ýola goýulýar.
Şeýle bolansoň agzybir dokmaçylar milli ykdysadyýetimiziň uly ösüşleri başdan geçirýän dokma pudagynyň ýeten guwandyryjy sepgitlerine mynasyp goşant goşmak bilen, has-da öndürijilikli işleýärler. Häzirki wagtda kärhanada öndürilýän ekologiýa taýdan arassa, bäsleşige ukyply, ýokary hilli ýüplükleriň hyrydarlary ýyl geldigiçe barha artýar. Bu bolsa harytlyk nyşanly önümleriň diňe bir Diýarymyz möçberinde däl, eýsem daşarky bazarlaryň sarp edijileri tarapyndan hem ykrar edilýändigine güwä geçýär.
Kuwwatly kärhananyň tejribeli hünärmenleri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen hasabat döwründe hem oňat önümçilik görkezijilerini gazandylar. Has takygy, döwrüň ösen talaplaryny ödeýän ýüplükleriň 3500 tonnasy öndürildi.
Şu günlerde bolsa öňdebaryjy kärhananyň dokmaçylary Täze ýyl baýramyna mynasyp zähmet sowgatlary bilen barýarlar. Olar ýokary hil derejesinde zähmet çekmäge, önüm öndürmäge döredip berlen giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş, hoşallyk sözlerini aýdýarlar.