Türkmenistanyň Dokma Senagaty ministrliginiň Daşoguzdaky «Çeper» tikin fabriginiň işgärleri, asylly zähmet däbine eýerip, şu ýyly ýene-de üstünlikli tamamlaýar. Şu güne çenli olar ýyllyk önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler.
Bu kärhana çykarýan önümleriniň köp görnüşliligi we ýokary hili bilen meşhurdyr. Fabrik dürli edaralaryň sargydy boýunça iş geýimlerini tikmekden başga-da, onlarça görnüşli egin-eşik, düşek örtügi we hojalykda ulanylýan dokma önümlerini öndürýär. Fabrigiň, müşderileriň isleglerine esaslanyp, önümleriň görnüşlerini yzygiderli täzelemek ugrunda iş alyp barýandygyny-da bellemek gerek. Bu bolsa dürli-dürli önüm çykarmaga mümkinçilik berýär.
Fabrigiň önümleri ýerli önümlerden alynýan berk we ekologiýa taýdan arassa serişdelerden taýýarlanylýar. Howa geçirijiligi gowy bolan, ýaşyna laýyk we hereket erkinligi bilen üpjün edýän tebigy, gipoallergen serişdelerden dürli görnüşli çaga geýimlerini tikmäge aýratyn üns berilýär.
Toplanan tejribe, işgärleriň hünär ussatlygy we kärhananyň önümçilik hatarlarynda oturdylan döwrebap enjamlar ýokary zähmet öndürijiligini üpjün edýär.