Hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk taryhy senesiniň uludan toýlanylan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly kalplarymyza unudylmajak röwşen nuruny çaýyp, hakydalara hemişelik ýazyldy. Tamamlanyp barýan şanly ýylymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak ajaýyp dabaralara, täsirli baýramçylyk çärelerine ulaşýar.


Şu günlerde giň gerimde ýaýbaňlandyrylýan Täze ýyl dabaralary ýurdumyzyň Günbatar sebitini jähekläp oturan Balkan welaýatynyň çar künjeginde hem belentden tutulýar. Welaýatyň ähli etraplarydyr şäherlerini gurşap alan toý-baýramçylyk çärelerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taýsyz eşretleriniň, ýurt abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň hem-de Täze ýyl baýramynyň waspy aýdyň beýanyny tapýar.


Baý mazmuna, egsilmez ruhy joşguna, aýratyn ähmiýete beslenýän şeýle dabaralaryň biri hem welaýat merkezi Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirildi. Balkan welaýat häkimliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guran bu aýdym-sazly dabarasy Täze ýyl çärelerine aýratyn öwüşgin berdi. Toýly ülkämiziň berekedidir bezegi bolan baýramçylyk desterhanynyň başynda guralan dabara welaýatyň etrap-şäherlerinden gelen myhmanlar, mährem eneler, talyp ýaşlar, ýerli ýaşaýjylar işjeň gatnaşdylar.


Çäksiz söýgä, bimöçber buýsanja eýe bolan dabarada baýramçylyk gutlaglaryna uly orun berildi. Olaryň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz tagallalary netijesinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýetilen belent sepgitler, gazanylan nusgalyk üstünlikler hakynda uly buýsanç bilen aýratyn durlup geçildi. Şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk baýramynyň bütin dünýä ýaň salan şanly wakalarynyň galdyran ýakymly täsirleri, Diýarymyzda şatlyk-şowhun bilen garşylanýan Täze ýyl baýramynyň şatlygy dogrusynda ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.


Bu ýerde medeniýet we sungat işgärleriniň, teatr ussatlarynyň, çeper höwesjeňleriň, talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren şirin aýdym-sazlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşleriniň, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dünýä dolan şan-şöhratynyň, Täze – 2026-njy ýylyň, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň, dost-doganlygyň tarypy ýetirildi. Çagalar toparlarynyň gutlaglary bilen utgaşan aýdym-sazlary, welaýatyň birleşen döredijilik toparlarynyň edebi-sazly çykyşlary şowhunly, dowamly el çarpyşmalar bilen alkyşlanyldy.

