Ï Bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak — Türkmenistanyň ösüş filosofiýasynyň esasy üç birligidir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak — Türkmenistanyň ösüş filosofiýasynyň esasy üç birligidir

view-icon 786
Bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak — Türkmenistanyň ösüş filosofiýasynyň esasy üç birligidir

Aşgabatda geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary» atly dabaraly çärede Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy netijelerini beýan etdi.

Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki häzirki zaman ösüş filosofiýasy özara baglanyşykly üç sany möhüm ýörelgä: Bitaraplyga, parahatçylyga we ynanyşmaga esaslanýar. Bu ýörelgeler döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň jogapkärli agzasy we ählumumy meseleleri çözmekde ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki ýagdaýyny kesgitleýär.

R.Meredow geçen ýylyň Bitaraplyk ideýany diplomatiýanyň netijeli guraly hökmünde işjeň ilerletmegiň döwri bolandygyny nygtady.

«Biz bu gün çylşyrymly meseleleri çözmekde bitaraplygy parahatçylyk dörediji we syýasy dialogyň esasy hökmünde ilerletmek boýunça uly işler amala aşyryldy diýip doly belläp bileris. Netijede, dünýäde biziň Bitaraplygymyza, onuň howpsuzlygyň, asudalygyň we durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde tutýan ornuna düşünmegiň has artandygyny görmek bolýar» diýip, wise-premýer belledi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda we onuň daşynda ýüzlerçe çäreler geçirildi. Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň manysyny düşündirmekde dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we bilermenler bileleşigi bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Ýylyň jemleri Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň halkara giňişliginde giň goldawa we ykrarnama eýe bolýandygyny, halkara dialog medeniýetiniň kemala gelmegine goşant goşýandygyny tassyklady.