Türkmenistanyň «Arkadag» futbol topary meşhur portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu we dünýä futbolynyň beýleki ýyldyzlarynyň çykyş edýän Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» topary bilen AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda duşuşar. Şeýle netijeler şu gün Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň ştab-kwartirasynda geçirilen bije çekilişiniň jemleri boýunça belli boldy.

Bu toparlaryň arasyndaky iki oýunly duşuşygyň ýeňijisi çärýek finalda «Al-Zawraa» (Yrak) we «Al-Wasl» (BAE) toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi bilen oýnar. Günbatar zolagynyň beýleki çärýek finalynda bolsa «Foolad Mobarek Sepahan» (Eýran) we «Al-Ahli» (Katar) hem-de «Esteglal» (Eýran) we «Al-Hussein» (Iordaniýa) toparlarynyň ýeňijileri bäsleşer.

Gündogar zolagynda bije çekilişiň netijesinde aşakdaky toparlar biri-biri bilen duşuşarlar:
«Pohang Steelers» (Koreýa Respublikasy) – «Gamba Osaka» (Ýaponiýa),
«Ratchaburi» (Tailand) – «Persib Bandung» (Indoneziýa),
«Bangkok United» (Tailand) – «Macartur» (Awstraliýa),
«Cong An Hanoi» (Wýetnam) – «Tampines Rovers» (Singapur)
Günbatar zolagynda 1/8 finalyň ilkinji duşuşyklary 10-11-nji fewralda, jogap duşuşyklary bolsa 17-18-nji fewralda geçiriler. Gündogar zolagynda ilkinji duşuşyklar 11-12-nji fewralda, jogap duşuşyklary bolsa 18-19-njy fewralda geçiriler.

Türkmenistanyň çempionynyň garşydaşy bolan Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň öňki tapgyrynda «D» toparçada ajaýyp netije görkezdi: alty oýunda alty ýeňiş gazanyp, pökgi tapawudy 22 – 2 boldy. «Arkadag» topary bolsa «B» toparçada bir ýeňiş, dört deňme-deňlik we bir ýeňliş bilen ikinji orny eýeledi. Türkmen topary alty duşuşykda 5 pökgi girizip, 6 pökgini geçirdi.

«Al-Nasr» toparynda 2023-nji ýyldan bäri öz nesliniň iň beýik futbolçylarynyň biri hasaplanýan Kriştianu Ronaldu çykyş edýär. «Arkadag» topary bilen duşuşyk wagtyna çenli onuň 41 ýaşy dolýar. Ol UEFA Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi, 2016-njy ýylyň Ýewropa çempiony, Portugaliýanyň milli ýygyndysy bilen UEFA Milletler ligasy-2024/2025-nji ýyllaryň ýeňijisidir. K.Ronaldu bäş «Altyn topuň» we dört «Altyn butsyň» eýesidir, milli ýygyndyda we Ýewropa kuboklarynda iň köp gol geçiren futbolçydyr. Angliýanyň, Ispaniýanyň we Italiýanyň çempionatlarynda ýeňiji bolan ýeke-täk futbolçydyr. 2024-nji ýylda ol resmi oýunlarda 900-den gowrak gol geçiren taryhdaky ilkinji oýunçy boldy.
Kriştianu Ronaldudan başga-da «Al-Nasr» toparynda dünýä futbolynyň başga-da birnäçe ýyldyzlary çykyş edýärler. Olaryň arasynda hüjümde Portugaliýanyň milli ýygyndysynda Ronaldunyň topardaşy, UEFA Milletler ligasynyň iki gezek ýeňijisi, Portugaliýanyň we Ispaniýanyň çempiony, 2024/2025-nji ýyllaryň UEFA Konferensiýa ligasynyň ýeňijisi Žoau Feliks, şeýle-de Senegal ýygyndysynyň düzüminde 2021-nji ýylyň Afrika Milletler Kubogynyň eýesi, Awstriýanyň iki gezek çempiony, Angliýanyň we Germaniýanyň çempiony Sadio Mane tapawutlanýarlar.
Ýarym goragda oýny şu aşakdaky futbolçylar kesgitlärler: 2022-nji ýyldaky Dünýä Kubogynyň we 2016-njy ýyldaky Ýewropa çempionatynyň wise-çempiony, Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2021-nji ýyldaky UEFA Milletler ligasynyň ýeňijisi, UEFA Çempionlar ligasynyň we «Bawariýa» toparynyň düzüminde 1920-nji ýyldaky FIFA Klublararasy Dünýä Kubogynyň ýeňijisi, dokuz gezek Germaniýanyň çempiony, iki gezek Fransiýanyň çempiony we 2014/2015-nji ýyllaryň Italiýa çempiony Kingsli Koman, 2018-nji ýyldaky Dünýä Kubogynyň wise-çempiony, 2023-nji ýyldaky UEFA Milletler Ligasynyň kümüş medalynyň eýesi, iki gezek Horwatiýanyň çempiony we Italiýanyň çempiony Marselo Brozowiç.
«Al-Nasr» toparynda goragda «Barselona» toparynyň düzüminde Ispaniýanyň Kubogynyň we Naýbaşy Kubogynyň eýesi, 21 ýaşa çenli Ýewropa çempiony bolan Inigo Martines çykyş eder.
Saud Arabystanynyň toparynda braziliýaly futbolçylar hem möhüm orun eýeleýär: derwezeban Bento Krepski, şeýle-de meýdança oýunçylary Wesli Gassowa we Gabriýel Anželo.
Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparyna baş tälimçi hökmünde 71 ýaşly meşhur portugaliýaly hünärmen Žorže Žezuş ýolbaşçylyk edýär.
Şu günki bije çekilişiň netijelerine teswir berip, «Arkadag» toparynyň öňki başlygy, häzirki wagtda bolsa Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Guwançmuhammet Öwekow üç gezek yzygiderli ýurdumyzyň çempiony bolan toparymyz «Al-Nasr» toparyny ýeňmäge synanyşjakdygyny aýtdy.
«Biz «Al-Nasr» toparynyň bize gelýändigine begenýäris. Ýöne biz ýeňiş gazanmaga synanyşarys» diýip, G.Öwekow «RIA Nowosti» agentligine beren interwýusynda belledi.
«Arkadag» topary bilen «Al-Nasr» toparynyň ilkinji duşuşygy Türkmenistanda, jogap duşuşygy bolsa Saud Arabystanynda geçiriler.