Ï Daşoguz şäheri toplumlaýyn esasda ösüşlere eýe bolýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz şäheri toplumlaýyn esasda ösüşlere eýe bolýar

view-icon 1710
Daşoguz şäheri toplumlaýyn esasda ösüşlere eýe bolýar

Daşoguz şäherinden Görogly etrabyna barýan awtomobil ýolunyň ugrunda gurluşyk işleri çalt depginde alnyp barylýar. Häzirki wagtda bu ýerde birnäçe dört gatly ýaşaýyş jaýlary gurulýar, olaryň üçüsi Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň «Gülistan» geňeşliginiň «Parahat» obasynyň awtomobil ýoluna ýanaşyk ýerinde gurulýar.

Täze binalar öýleriň we girelgeleriň sany boýunça biri-birinden tapawutlanýar. Şu günki güne çenli jaýlaryň karkaslary doly galdyryldy, olaryň käbirinde bolsa bejergi işleri alnyp barylýar. Bu desgalaryň ählisi hususy gurluşyk kärhanalary tarapyndan bina edilýär.

Şu sebitiň özünde köp sanly hususy ýaşaýyş jaýlary hem guruldy. Bu bolsa, häzirki wagtda ýaşaýyş jaý bölüminiň we durmuş-medeni maksatly desgalar ulgamynyň işjeň ösdürilmegi netijesinde Daşoguz şäheriniň günorta böleginiň ýokary depginler bilen ösýändigine şaýatlyk edýär.

Täze ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy şäheriň beýleki künjeklerine hem mahsusdygyny bellemek gerek. Geçen ýylda durmuşa geçirilip başlanan iri taslamalaryň hatarynda Daşoguzdan Köneürgenç şäherine barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Daşoguz welaýatynyň adalat edaralarynyň täze dolandyryş binasynyň gurluşygyny we 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň düýbüniň tutulmagyny görkezmek bolar. Şeýle hem geçen ýyl welaýat merkeziniň dürli künjeklerinde birnäçe hususy söwda we söwda-dynç alyş merkezleri, dükanlar hem-de dermanhanalar ulanmaga berildi.

Bularyň we beýleki gurluşyklaryň ählisi Daşoguz şäheriniň boş duran ýerleriň özleşdirilmegi, şeýle hem eýýäm gurluşyk geçirilen çäkleriň rejeli ulanylmagy netijesinde toplumlaýyn ösýändigini aýtmaga esas berýär. Şunda täze ýaşaýyş toplumlary döredilende, olaryň degişli düzümler, şol sanda durmuş-medeni maksatly desgalar bilen üpjün edilmegine aýratyn üns berilýändigi örän möhümdir.