Ï Türkmenistanyň Tennis federasiýasy 2025-nji ýylyň jemlerini jemledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Tennis federasiýasy 2025-nji ýylyň jemlerini jemledi

view-icon 1400
Türkmenistanyň Tennis federasiýasy 2025-nji ýylyň jemlerini jemledi
camera-icon
Türkmenistanyň Tennis federasiýasy

Paýtagtymyzda geçirilen maslahatda Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) 2025-nji ýylda bitiren işleriniň jemleri, şeýle hem sportuň bu görnüşini has-da ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumyň işine Milli federasiýanyň jogapkär işgärleri, Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen tälimçilerdir türgenler gatnaşdylar.

Maslahatda bellenilişi ýaly, tamamlanyp barýan 2025-nji ýyl Türkmenistan üçin milli tennisimiziň okgunly ösüşleriniň, halkara üstünlikleriniň we ajaýyp ýeňişleriniň ýyly boldy.

Ýyl uly ýeňişler bilen başlandy.

Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde geçirilen 14 ýaşa çenli türgenleriň arasyndaky halkara ýaryşynda Aşgabat şäherindäki 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçysy Süleýman Hudaýberdiýew altyn we kümüş medallaryň eýesi boldy. Ony dünýä tennisiniň rowaýaty, 2008-nji we 2016-njy ýyllaryň Olimpiýa çempiony, «Uly tuwulga» ýaryşlarynyň 22-siniň, «Masters» tapgyryndaky ýaryşlaryň 36-synyň ýeňijisi, Ispaniýanyň ýygyndy toparynyň düzüminde Dewisiň Kubogynyň bäş gezek eýesi Rafael Nadal sylaglady.

Şondan birnäçe gün soňra bolsa, 11 ýaşly Sülgün Işangulyýewa Dubaýda (Birleşen Arap Emirlikler) geçirilen «TEN-PRO Global Junior Tour» ýaryşynyň ýeňijisi boldy.

Şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki mekdeplerde çagalary uly sporta çekmek maksady bilen tennise giriş ussatlyk sapaklaryna badalga berildi.

Bahreýnde geçirilen «ITF World Junior» saýlama ýaryşynda Türkmenistanyň toparlary möwsüme ynamly başladylar. 14 ýaşa çenli tennisçi gyzlaryň topary dünýä saýlama ýaryşynyň çärýek finalyna çykyp, sebitiň 18 ýurdunyň arasynda iň güýçli bäşligiň hataryna girdi. 14 ýaşa çenli ýetginjekler hem netijeli çykyş edip, dört ýeňiş gazandylar we Bahreýndäki ýaryşy öňdebaryjy sekizligiň hatarynda tamamladylar.

Tennis federasiýasy halkara gatnaşyklaryny hem işjeň pugtalandyrdy. Hususan-da, TTF-niň ýolbaşçylygy BAE-de türkmen türgenleriniň «ATP 500» ýaryşyna gatnaşmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.

Mart aýy hem täze üstünliklere beslendi.

Malaýziýanyň Kuçing şäherinde Billi Jin King Kubogy ugrundaky bäsleşigiň saýlama tapgyrynda 16 ýaşa çenli gyzlar ýygyndy toparymyz Wýetnamyň ýygyndysyny 3:0 hasaby bilen ýeňip, şowly başlangyç etdiler.

Aşgabatda 8-nji mart – Halkara zenanlar gününe bagyşlanan çagalar ýaryşy, şeýle hem ýylyň ilkinji höwesjeňler bäsleşigi geçirildi.

Türkmenistanyň topary ilkinji gezek «30+» dünýä çempionatyna gatnaşyp, Kanadanyň ýygyndysyny 2:1 hasaby bilen taryhy ýeňiş bilen utdy we çärýek finala çykdy.

Türkmenistanyň Tennis federasiýasy bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi we ýurdumyzda ilkinji gezek «Arabada oýnalýan tennis» maksatnamasyna badalga berildi. Soňra mümkinçiligi çäkli çagalar bilen işlejek tälimçileri taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi, onuň netijeleri boýunça 12 hünärmen täze hünär derejesini aldy.

Tomusda türgenlerimiz Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň toparlarynyň gatnaşmagynda 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçirilen Merkezi Aziýa birinjiliginde üstünlikli çykyş etdiler. Gyzlar ýygyndy toparymyz taryhda ilkinji gezek Özbegistanyň wekillerini ýeňip, Aziýanyň final tapgyryna ýollanma aldy. Oglanlar topary bolsa bürünç medala mynasyp boldy. Milli ýygyndy Watana dolanyp gelende dabaraly garşylandy, Federasiýa bolsa tennisçileri halkara ykrarnamasynyň täze tapgyry bilen gutlady.

Tailand Patyşalygynyň Nonthaburi welaýatynda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşynda türkmen tennisçileri ýaryş maksatnamasynyň üç görnüşinde altyn medallar we bir bürünç medal gazandylar. Watanymyzyň tennis mekdebiniň bu üstünligi ýaryşyň guraýjylar tarapyndan aýratyn bellenildi we toparymyz 12 ýurduň arasynda umumy hasapda birinji orna çykdy.

Awgust aýynda Aşgabat ilkinji gezek Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) «Level 2» sebitleýin tälimçilik okuw maslahatynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Onuň netijeleri boýunça Türkmenistandan, Bahreýnden, Iordaniýadan, Saud Arabystanyndan we Özbegistandan gelen birnäçe tälimçiler ýokary derejeli tennisçileri taýýarlamak üçin hünär derejelerini ýokarlandyrdylar.

Güýz pasly işjeň ýaryşlaryň wagty boldy.

Sentýabrda Singapurda 12 ýaşa çenli çagalaryň arasyndaky Aziýa toparlaýyn ýaryşynyň açylyş dabarasy boldy. Aziýa çempionatynyň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 12 ýaşa çenli Türkmenistanyň gyzlar topary Iordaniýanyň ýygyndysyny ýeňip, iň güýçli sekizligiň hataryna girdi.

Duşanbe şäherinde geçirilen «Ramis Cup» ýaryşynda Näzli Hudaýgulyýewa we Ilima Guseýnowa ajaýyp çykyş etdiler.

Şol aýda Aşgabatda ýene bir okuw maslahaty «Play tennis» geçirilip, onuň netijeleri boýunça TTF-niň düzümi 15 sany täze şahadatnamaly tälimçi bilen dolduryldy we hünärmenleriň umumy sany 60-a ýetdi.

18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen Türkmenistanyň birinjiligi sport senenamasynyň möhüm wakasyna öwrüldi. Oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan 300-den gowrak türgen gatnaşdy.

Şeýle hem onlarça ýaş gatnaşyjylary jemlän «Gyzyl», «Mämişi» we «Ýaşyl» pökgüleriň ýaryşlary geçirildi.

Almaty şäherinde geçirilen Aziýanyň Tennis federasiýasynyň (ATF) Baş Assambleýasynda Türkmenistanda tennisiň meşhurlygynyň okgunly artýandygy bellenildi.

Noýabr aýynyň esasy wakasy TTF we ÝUNISEF-iň bilelikdäki taslamasynyň, ýagny mümkinçiligi çäkli çagalary goldamak we ýurdumyzda arabada oýnalýan tennisi ösdürmek maksatnamasynyň tanyşdyrylyşy boldy.

15-nji noýabrda «Aşgabat» seýilgähinde «Biz dürli, emma deň» atly her ýylky inklýuziw festiwal geçirildi. Bu çäre her bir adamyň jemgyýetiň bir bölegi bolup durýan gurşawyny döretmek ideýasyny özünde jemledi. Festiwal jemgyýetçilik guramalaryny, türgenleri, maşgalalary we şäher ilatyny bir ýere jemläp, agzybirlik we döredijilik ýagdaýyny peşgeş berdi. Tennis ýene bir gezek päsgelçiliksiz we çäklendirmesiz gatnaşyklaryň köprüsi boldy.

22-nji noýabrda bolsa Türkmenistan Bütindünýä çagalar gününi «Bitaraplyk we ynsanperwerlik: inklýuziw geljegiň bähbidine hemmetaraplaýyn goldaw» diýen şygary astynda belledi. Çäre Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň Aziýanyň tennis federasiýasy tarapyndan «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip ykrar edilen Tennis toplumynda geçirildi. Inklýuziw tennis kortlarynda mümkinçiligi çäkli we sagdyn çagalar bilelikde oýnadylar. Bu baýramçylyk her bir çaganyň, aýratynlyklaryna garamazdan, okamaga, oýnamaga we ösmäge hukugynyň bardygyny ýene bir gezek subut etdi.

Bahreýnde Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşynda türkmen tennisçileriniň gazanan täze ajaýyp üstünligi hem şeýle şanly wakalaryň biri boldy. «C» toparçasynda we soňra utulan-çykdy tapgyrynda Guamyň ýygyndysyny 3:0 hasaby bilen ynamly ýeňen watandaşlarymyz Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparyna ýollanma aldylar. Olar 2026-njy ýylda şol toparda çykyş ederler.

Şeýlelikde, 2025-nji ýyl biziň tennisçilerimiz üçin uly özgerişleriň, ösüşleriň, ýeňişleriň we täze mümkinçilikleriň ýyly boldy. Gazanylan üstünlikler Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň täze belentliklere tarap ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär.

Maslahatda tennisi ösdürmäge goşan uly goşantlary üçin Bahreýndäki Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşynda üstünlikli çykyş eden Türkmenistanyň erkekler ýygyndysynyň türgenlerine we tälimçilerine, şeýle hem TTF-niň birnäçe jogapkär işgärlerine degişli diplomlar gowşuryldy.

Foruma gatnaşyjylar TTF-niň düzümine täze agzalary kabul etmek baradaky karara hem biragyzdan ses berdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar sportuň ösdürilmegine berýän uly ünsi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de Watanymyzyň sport abraýyny belende götermek ugrunda ähli güýç-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryny ynandyrdylar.

Resmi bölek tamamlanandan soň, maslahata gatnaşyjylar Täze ýyl agşamynyň ýakymly gurşawynda 2026-njy ýyl üçin tennisi ösdürmegiň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.