Ï Islegli önümler içerki hem-de daşarky sarp edijilere ugradylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Islegli önümler içerki hem-de daşarky sarp edijilere ugradylýar

view-icon 107
Islegli önümler içerki hem-de daşarky sarp edijilere ugradylýar
camera-icon
Andreý Pakulow

Täze, 2026-njy – «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinden başlap, ykdysadyýetiň pudaklarynda, medeni-durmuş ulgamlarynda ýokary zähmet joşguny dowam edýär. Belent maksatlara beslenen şeýle işlere Diýarymyzyň zähmetsöýer telekeçileri hem özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar.

Munuň şeýledigine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň çägindäki döwrebap ýyladyşhanada alnyp barylýan işler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Sapardurdy Nazlyýewe degişli döwrebap ýyladyşhana hojalygynda işler kuwwatly tehnologiýalar, kämil işläp taýýarlamalar arkaly dolandyrylýar. Hut şoňa görä-de, ýagtylygyň, ýylylygyň, suwaryşyň hem-de ekinleri dökünlemegiň awtomatiki usullarda ýerine ýetirilmegi köp ýeňillikleri döredýär. Gök önümleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen, umumy tutýan meýdany dört gektara barabar ýyladyşhanada şu mahal 30-a golaý adam zähmet çekýär. Olar ilatymyzy mukaddes topragymyzda ýetişdirilýän ter gök önümler bilen ýylyň ähli möwsüminde ygtybarly üpjün etmegi özleriniň esasy wezipesi hasaplaýarlar.

Şu günlerde bolsa bu ýerde tebigy taýdan arassa pomidoryň bitginli hasylyny ýygnamak işleri gowşamaýan depginlerde gyzgalaňly dowam edýär. Möwsümiň başyndan bäri ýyladyşhana hojalygyndan ýygnalan pomidor hasylynyň möçberi 40 tonnadan geçdi. Şeýle-de ýerli bagbanlardyr hünärmenler möwsümiň ahyryna, tomus paslyna çenli ýene 400 tonna golaý pomidor hasylyny ýygnap, alyjylara ýetirmegi maksat edinýärler. Agrotehniki talaplara laýyk ýetişýän pomidorlary ýygnamak işlerinde gündelik gazanylýan görkezijiler olaryň bellenilen sepgide abraý bilen ýetjekdiklerine şaýatlyk edýär.