Paýtagtymyzy Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen birleşdirýän ýurdumyzyň polat ýoluny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak işlerine garaşylýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berildi.
Ulag-logistika ulgamyny ösdürmek baradaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew çykyş etdi. Wise-premýer Aşgabat – Türkmenbaşy demir ýolunyň milli ýollaryň «Lapis Lazuli», TRACECA, «Demirgazyk–Günorta» we «Gündogar–Günbatar» ýaly halkara ulag geçelgelerine utgaşmagynda möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.
Bu demir ýol ugrunyň döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenistanyň üstaşyr geçiriş mümkinçiliklerini hem-de halkara ulag geçelgelerindäki ornyny ep-esli ýokarlandyrmaga ýardam eder.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwrebap logistika infrastrukturasyny ösdürmegiň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň esasy wezipeleriniň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz magistral ýoly toplumlaýyn durkuny täzelemek baradaky teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.