Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň we Ukrainanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçilerine nebit ýol bitumy («Türkmennebit» döwlet konserni), nah mata ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 898 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 27 million 675 müň manatdan gowrak bolan binýatlyk ýagy we polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), pagta süýümini, buýan köküniň ekstraktyny, pagta ýagynyň çökündisini, çig ýag turşulygyny satyn aldylar.