Ï Ekologiýa taýdan arassa gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ekologiýa taýdan arassa gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy

view-icon 134
Ekologiýa taýdan arassa gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy

Daşoguzdaky demir-beton önümleri zawodynyň işgärler topary täze ýyly ýokary zähmet joşguny bilen garşyladylar. Geçen ýylda kärhana tarapyndan ähli esasy görkezijiler boýunça ýyllyk meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Geçen on iki aýyň dowamynda 26 müň 799 kub metr ýygnama demir-beton öndürildi, munuň özi bellenilen görkezijiden tas üç müň kub metr köpdür.

Täze önüm – keramzitiň önümçiligi boýunça meýilnamanyň ep-esli artygy bilen ýerine ýetirilendigini aýratyn bellemek gerek. Bu ýerde keramzitiň 8 müň 526 kub metri taýýarlanyldy. Ony öndürmek üçin zerur bolan esasy çig mal argillit Balkan welaýatyndan getirilýär. Argillitiň kömegi bilen keramzit ýeňil, öýjükli bolup, ýylylygy we sesi geçirmeýän häsiýetlere eýedir.

Zawodyň işgärler topary gysga wagtyň içinde ýylylyk geçirmezlikde, beton konstruksiýalarynyň taýýarlanylyşynda we beýleki maksatlar üçin ulanylýan bu zerur, tebigy we ekologiýa taýdan arassa gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini özleşdirmegi başardylar.

Daşoguzuň demir-beton önümleri zawody her ýyl sebitiň ykdysadyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşýar. Häzirki zaman ýokary öndürijilikli ýöriteleşdirilen enjamlaryň hem-de ýokary hünärli işçi güýjüniň bar bolmagy netijesinde, bu ýerde häzirki wagtda önümleriň onlarça görnüşi öndürilýär.