Ï Türkmenistanda garyň ýagmagyna garaşylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda garyň ýagmagyna garaşylýar

view-icon 118
Türkmenistanda garyň ýagmagyna garaşylýar

19–20-nji ýanwar aralygynda Türkmenistanyň çäginde üýtgäp durýan howanyň bolmagyna garaşylýar. Hepdäniň başynda käbir ýerlerde ýagyş we gar gatyşykly ýagynlaryň, şeýle hem güýçli ýeliň bolmagy mümkin.

Aşgabatda bulutly howa bolup, gündizlerine howanyň temperaturasy 0…+2 gradusdan +6…+8 gradusa çenli, gijelerine bolsa -1…-3 gradusdan +2…+4 gradusa çenli bolar. Ýagyş we çygly gar görnüşindäki ýagynlar bolup biler.

Ahal welaýatynda açyk bulutly howa bolup, gündizlerine howanyň temperaturasy -1…+4 gradusdan +7…+12 gradusa çenli, gijelerine 0…-5 gradusdan +1…+6 gradusa çenli bolar. Ýagyş we çygly gar ýagmagy mümkin.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolar. Gündizlerine howanyň temperaturasy +7…+12 gradus bolup, gijelerine bolsa -4…+1 gradusdan 0…+5 gradusa çenli bolar. Hepdäniň ortasynda gar gatyşykly ýagynlaryň ýagmagyna garaşylýar.

Mary welaýatynda bulutly howa bolar. Gündizlerine howanyň temperaturasy -1…+4 gradusdan +6…+11 gradus bolup, gijelerine -4…+1 gradusdan 0…+5 gradusa çenli bolar.

Lebap welaýatynda bulutly howa bolup, gündizlerine howanyň temperaturasy -1…+4 gradusdan +5…+10 gradusa çenli, gijelerine bolsa -1…-6 gradusdan 0…+5 gradusa çenli bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündizlerine howanyň temperaturasy -4…+1 gradusdan +1…+6 gradusa çenli, gijelerine bolsa -3…-8 gradusdan -3…+2 gradusa çenli bolar.