Ýakynda ýurdumyzda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Gaýratly ogullar Watanyň daýanjydyr!» atly dabara geçirildi.
Halkymyzyň merdi-merdanalyga, watansöýüjilige, adalatlylyga gadyr goýýan halkdygyny, ata-babalarymyzyň bu asylly häsiýetleri özleriniň gahrymançylykly ömür ýollary, ýagşy göreldesi, paýhasly sözleri bilen nesilleriň aňyna guýmagy başarandygyny, hut şonuň üçin-de türkmen halky, geçmişde bolşy ýaly, häzirki wagtda hem edermen, gaýduwsyz halk hasaplanýandygyny nygtadylar.
Dabaranyň dowamynda Watan mukaddesligini, keremli topragymyzyň goragyny ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.