Ï Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 132

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa ýurduň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biz Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris. Bu gatnaşyklaryň geljekde hem iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna uly ynam bildirýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Draupadi Murmuwa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Hindistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.