Ï Milli gymmatlyklar bilen ýakyndan tanyşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli gymmatlyklar bilen ýakyndan tanyşdylar

view-icon 104
Milli gymmatlyklar bilen ýakyndan tanyşdylar

Her ýyl uly dabaralara, aýdym-sazlara beslenip geçirilýän Watan goragçylarynyň güni 2026-njy ̶ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ̶ bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň gyş paslynyň ilkinji günleri bilen utgaşýar.

Ýakynda merdana Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Lebap welaýat häkimliginiň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda harby we hukuk goraýjy işgärleriniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň 2111 harby bölüminiň esgerleriniň gatnaşmagynda «Watan dillerimiziň baky senasy» atly çäre geçirildi. Onuň çäginde çärä gatnaşanlar Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine baryp gördüler. Olar muzeýde saklanylýan milli mirasymyzyň müň dürli öwüşginlere baý bolan muzeý gymmatlyklary we ýurdumyzyň taryhy ýerleri baradaky gyzykly maglumatlary bilen ýakyndan tanyşdylar. Muzeýiň arheologiýa zalynda ýerleşýän gadymy galalar, ýadygärlikler myhmanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Guralan gezelenjiň dowamynda olar bedew batly ösüşler bilen ata Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyşlaryny beýan etdiler.