«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Balkan welaýatynda hem täze binalardyr desgalaryň açylyş dabaralary ýokary derejede ýaýbaňlandyrylýar. Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap prokuraturasynyň täze edara binasynyň ulanylmaga berilmegi şeýle dabaraly çäreleriň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Rysgally zähmet» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan iki gatly edara binasynda prokuratura işgärleriniň netijeli işlemekleri üçin ählitaraplaýyn amatly şertleriň döredilendigini bellemek gerek. Şeýle-de dabaraly ýagdaýda açylan edara binasy kenarýaka Esenguly etrabynyň binagärlik keşbine-de täzeçe, özboluşly öwüşgin çaýýar. Milli binagärligiň, şeýle-de dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlarynyň sazlaşygynda gurlan döwrebap bina «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda uludan toýlanylýan Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda harby gullukçylar we bagtyýar raýatlar üçin özboluşly baýramçylyk sowgadyna öwrüldi.

Açylyş dabarasyna welaýat, etrap häkimlikleriniň, welaýatyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri, harby gullukçylar, Halk maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, ýerli ýaşaýjylar işjeň gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz möçberli özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda gazanylýan taryhy ähmiýetli üstünlikler, hukuk özgertmeleridir belent sepgitler dogrusynda aýratyn nygtadylar. Şeýle-de kanunçylyk-hukuk ulgamyny, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwlet derejesinde yzygiderli kämilleşdirmek, milli demokratiýany pugtalandyrmak ugrunda amala aşyrylýan toplumlaýyn işlerdir aladalar babatda özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Dabaranyň dowamynda täze, döwrebap binanyň gurluşygynda göreldeli zähmet çeken öňdebaryjy gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Ýokary baýramçylyk ruhunda geçen dabarada gyzykly medeni çärelere hem giň orun berildi. Bu ýerde welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň şirin owazlary, halk döredijilik, tans toparlarynyň şowhuny çar tarapa ýaň saldy. Olaryň dowamynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda günsaýyn dowamat tapýan täze rowaçlyklaryň, taryhy eýýamymyzyň nusgalyk ösüşleriniň, parahat, bagtyýar durmuşymyzyň, Watan goragçylarynyň waspy mynasyp beýanyny tapdy.

Hormatly ýaşulular ak pata bereninden soň, dabara gatnaşyjylar edara binasynyň içine aýlanyp gördüler hem-de döredilen ajaýyp şertlerdir mümkinçilikler bilen ýakyndan tanyşdylar. Edara binanyň iş otaglary döwrebap zerurlyklar, häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleri, kompýuterler, mebeller bilen üpjün edilipdir. Ýyladyş, sowadyş enjamlary, elektrik üpjünçiligi hem bar.
Dabaranyň ahyrynda berlen toý sadakasynda oňa gatnaşyjylar il agzybirligini, ýurt abadançylygyny dileg etdiler. Şeýle-de taryhy eýýamymyzyň beýik ösüşleriniň baş sakasynda durýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumlarynyň rowaç bolmagyny arzuwladylar.