Ï Ýurt garşy alsyn!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurt garşy alsyn!

view-icon 133
Ýurt garşy alsyn!

Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 35 ýyllyk baýramynyň giňden belleniljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Watan goragçylarynyň gününiň şanyna guralýan açylyş dabaralary Balkan welaýatynyň çar künjeginde hem baý mazmuna, egsilmez joşguna, aýratyn ähmiýete beslenýär.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Balkan welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylary, olaryň maşgala agzalary üçin serhetýaka Etrek etrabynda täze 4 gatly, 24 hojalyga niýetlenen gulluk ýaşaýyş jaýynyň ulanylmaga berilmegi hem onuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Häzirki zaman bezeg serişdeleriniň ulanylmagy esasynda binagärlik taýdan döwrebap görnüşde bezelen öýler 2 we 3 otaglardan ybarat bolup, olarda ähli zerur amatlyklar döredilipdir. Merkezleşdirilen suw, lagym, gaz we energiýa üpjünçilik ulgamlary ornaşdyrylypdyr. Ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrylyp, çagalar üçin oýun, dynç alyş ýerleri gurnalypdyr. Ýaşajyk raýatlaryň ruhy-beden taýdan sazlaşykly ösmegi, daşary ýurt dillerini, kompýuter sowatlylygyny özleşdirmek üçin hemme zerurlyklar göz öňünde tutulypdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýjylar üçin amatly durmuş gurşawy döredilen täze ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy turuwbaşdan uly ruhubelentlige beslendi. Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde döwlet gümrük gullugynda zähmet çekýän harby gullukçylaryň maşgalalary üçin gurduran bu täze ýaşaýyş jaýynyň olara ajaýyp sowgat bolandygyny buýsanç bilen nygtadylar. Şeýle-de täze ýaşaýyş jaýynda ýaşamak bagtyna eýe bolan harby gullukçylar, olaryň maşgala agzalary özleriniň ýürek buýsançlaryny aýtdylar.

Dabaranyň dowamynda täze ýaşaýyş jaýynyň gurluşygynda has-da tapawutly zähmet çeken ussat gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Belentden tutulan dabarada gyzykly medeni çäreler giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde Balkan welaýatynyň medeniýet we sungat işgärleriniň, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň aýdym-saz, tans, folklor toparlarynyň şowly çykyşlary belentden ýaňlandy. Buýsançly çykyşlarda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň taryhy eýýamymyzdaky beýik ösüşleriniň, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň, Watan goragçylarynyň, ýurt asudalygynyň, ruhubelent durmuşyň tarypy ýetirildi.

Hormatly ýaşulular ak pata berenden soň, dabara gatnaşyjylar ýaşaýyş jaýynyň öý otaglaryna aýlanyp gördüler hem-de döredilen döwrebap şertlerdir mümkinçilikler bilen ýakyndan tanyşdylar. Şeýle-de ähli ýaşaýjylaryň adyndan baky bagtyýarlygyň, döwletli döwranyň baş sakasynda durýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyş, hoşallyk sözlerini beýan etdiler.