«Gyzyl ýyldyz» ordeni Watan goragynda görkezen mertligi we söweş edermenlikleri üçin görnükli esgerlere gowşurylypdyr. Türkmenistanda şeýle orden bilen sylaglananlar az däl. Düzgün bolşy ýaly, olar 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň esgerleridir.
Olaryň arasynda 1912-nji ýylda Kiştiwan obasynda (häzirki Türkmenabat şäheri) doglan Myrat Gurbanow, 1910-njy ýylda Ikinji Suhty şäherçesinde (häzirki Murgap etraby) doglan Çary Nazarow, 1914-nji ýylda Gökje obasynda doglan Ilýas Öwezgeldiýew, 1925-nji ýylda Sakar etrabynyň Garamahmyt obasynda doglan Bazar Rahmanow, 1924-nji ýylda Änew obasynda doglan ýazyjy Seýitnyýaz Ataýew bar.
Bular atlary anyk belli bolanlaryň diňe birnäçesidir. Bu orden bilen sylaglamagyň taryhy we statistikasy «Gyzyl ýyldyz» ordeniniň birnäçe gezek eýesi bolanlaryň hem bardygyny tassyklaýar. Ozalky Soýuz boýunça bäş adam alty gezek, 30 adam bäş gezek, 150 adam dört gezek we müňden gowrak esger üç gezek bu orden bilen sylaglanypdyr.
Käte tötänlik biziň her gün diýen ýaly köçelerde duş gelýän, salamlaşýan, gürleşýän we dürli baýramçylyk çärelerinde bile wagt geçirýän şahsyýetlerimiziň, ildeşlerimiziň näbelli taraplaryny açýar. Ine, şeýle tötänlik netijesinde «Gyzyl ýyldyz» ordeniniň ikisi bilen sylaglanan örän edepli adam bilen duşuşyk boldy. Ol biziň döwürdeşimiz Erkin Inoýatowiç Tillýaýewdir. Ol pensioner, ätiýaçdaky podpolkownik.
2009-njy ýylda döredilen Watan goragçylarynyň güni mynasybetli geçirilen dabaralaryň birine Erkin Inoýatowiç raýat lybasynda geldi, onuň penjeginde köp sanly medallaryň we sylaglaryň arasynda iki sany «Gyzyl ýyldyz» ordeni hem bardy.
Hatda Erkin Inoýatowiçi köp ýyllardan bäri tanaýan we olar bilen aragatnaşyk saklaýan adamlar hem sylaglary görüp, tüýs ýürekden geň galdylar. Tillýaýewiň töwerekdäkileriň şeýle uly ünsüne bolan garaýyşy bolsa örän asuda boldy.
Ozal Erkin Inoýatowiç Watan goragçylarynyň güni mynasybetli geçirilýän çärelere sylagsyz gelerdi, emma bu gezek, soňra belli bolşy ýaly, ondan ordenlerini dakynmagy haýyş etdiler (ýanynda harby talyplar, ýaş serkerdeler bardy), şonuň üçin hem ol boýun gaçyryp bilmedi.
Erkin Inoýatowiç özüniň öňki gulluk wezipesi boýunça ýurdumyzda hukuk tertibini we howpsuzlygy üpjün etmek bilen baglanyşykly işleri amala aşyrýardy. Onuň şeýle ýokary söweş sylaglary näme üçin alandygyny soramagyň manysy ýokdy, sebäbi düzgün bolşy ýaly, bu barada aýtmak üçin ep-esli wagtyň geçmegi gerek. Häzir bolsa bir zat aýdyň: şeýle ordenler ýöne ýere berilmeýär.
Erkin Inoýatowiçiň mynasyp dynç alyşda näme bilen meşgullanýandygy barada aýdylanda bolsa, ony köplenç stadionlaryň ylgaw ýodalarynda ýa-da ýüzüş basseýninde görmek bolýar, ol elmydama «doly taýýarlykda» bolmaga öwrenişdi. Ol häzir hem, ýetmiş ýaşyň içinde bolsa-da, ýaşlardan pes gelmän uzak aralyga ylgap bilýär, basseýnde hem dürli aralyklarda elmydama öňdäki orunlarda barýar. Erkin Inoýatowiç boş wagtyny agtyklary Läle we Inoýaty terbiýelemäge bagyşlaýar.
Şu baýramçylyk günlerinde «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy Erkin Inoýatowiçiň we beýleki weteran esgerleriň adyna aýdylýan ähli gutlaglara goşulýar, olara ruhubelentligi we berk jan saglygy arzuw edýär.