Ï Türkmenistan emeli aň ulgamynda milli hukuk binýadyny işläp taýýarlamaga başlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan emeli aň ulgamynda milli hukuk binýadyny işläp taýýarlamaga başlar

view-icon 86
Türkmenistan emeli aň ulgamynda milli hukuk binýadyny işläp taýýarlamaga başlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurduň tehnologik ösüşiniň täze ugurlaryny kesgitledi. Ara alyp maslahatlaşylan möhüm meseleleriň biri emeli aň (EA) tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin ulgamlaýyn çemeleşmäniň kemala getirilmegi boldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew döwlet Baştutanymyza ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça geljegi uly teklipleri, şol sanda emeli aň ulgamyny düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy namalary döretmek baradaky başlangyçlary hödürledi.

Ählumumy meýiller göz öňünde tutulyp, Türkmenistanda emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň düzgünlerini işläp taýýarlamagy we taraplaryň jogapkärçiligini kesgitlemegi, emeli aň bilen özara gatnaşyklarda döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklaryny we borçlaryny bellemek, şeýle-de innowasion önümler üçin milli standartlary we tehniki düzgünnamalary işläp taýýarlamaklygy öz içine alýan çäreleriň toplumy durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, pudaklara innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini, şunuň bilen baglylykda, emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmegiň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň möhüm bolup durýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.