Ï Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasyny makullady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasyny makullady

view-icon 112
Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasyny makullady

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasy boldy.

Resminamanyň taslamasyny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow hödürledi. Maksatnama 2028-nji ýyla çenli niýetlenen häzirki zaman strategiýalara esaslanýar we ýurduň Döwlet býujeti bilen sazlaşyklydyr. Resminamanyň baş maksady ýurdumyzyň makroykdysady görkezijilerini we jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly ýagdaýda saklamakdan ybaratdyr.

Pudaklaryň diwersifikasiýasy we senagat kärhanalarynyň kuwwatlyklaryny doly ulanmak, importyň ornuny tutmak we eksporty artdyrmak arkaly bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak, sanly ulgamlary işjeň ornaşdyrmak, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek we daşky gurşawy goramak, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda durmuş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek hereketleriň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Maksatnama ähli pudaklar üçin önümçilik meýilnamalaryny hem-de şu ýyl üçin Türkmenistanyň ähli sebitleriniň ösüşiniň anyk görkezijilerini kesgitleýär.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen taslamany makullap, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.