Ï Önümçilik ösüşlere beslenýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Önümçilik ösüşlere beslenýär

view-icon 173
Önümçilik ösüşlere beslenýär
camera-icon
Andreý Pakulow

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde durmuşa geçirilýän halk, Watan bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işler Diýarymyzyň durnukly ösüşlerini şertlendirýär.

Taryhy maksatnamalarda göz öňünde tutulan gurluşyk işleriniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda üstünlikli amala aşyrylmagyna hem Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndaky Balkan kän müdirliginiň işçileridir hünärmenleri saldamly goşantlaryny goşýarlar. Günbatar sebitiň geografik taýdan amatly ýerleşişi, gazylyp alynýan tebigy baýlyklara, magdan känlerine baýlygy, şeýle-de uzak geljegi nazarlaýan ykdysady mümkinçilikleri hem müdirlik boýunça işleriň ählitaraplaýyn ilerlemegini üpjün edýär.

Häzirki zamanyň ösen tehnologiýalarynyň, öňdebaryjy tehnikalarynyň güýjüne daýanýan müdirligiň ýerlerdäki kärhanalarynda öndürilýän gurluşykdyr diwar serişdeleriniň ençeme görnüşleri önümçilik talaplaryna laýyk gelýän ýokary hili we ekologik taýdan ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar Şeýle önümler eziz Diýarymyzyň çar künjeginde alnyp barylýan dürli maksatly binalaryň, desgalaryň gurluşyklaryna-da buýurmalar esasynda awtomobil, polat ýollar arkaly yzygiderli ugradylyp durulýar.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk taryhy senesiniň uludan toýlanylan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da müdirligiň durmuşynda ýatdan çykmajak buýsançly wakalaryň biri boldy. Müdirligiň işçileridir hünärmenleri bu şanly ýylda Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alnan täze tehnikalaryň 40-a golaýyny hormatly Prezidentimiziň adyndan ajaýyp sowgat hökmünde çäksiz hoşallyk duýgulary bilen kabul etdiler. Kuwwatly ýük daşaýjy, ýükleýji awtoulaglardan, ekskawatorlardan ybarat täze tehnikalaryň toplumy müdirligiň kärhanalaryna geçen ýyly guwandyryjy netijeler bilen jemlemäge ýardam berdi. Şeýlelikde, öňdebaryjy kärhananyň zähmet topary geçen ýylda 2 million 551 müň 422 kub mertden gowrak magdan däl gurluşyk serişdelerini öndürip, meýilnamany abraýly berjaý etdiler.

Şu günlerde bolsa Türkmenbaşy etrabyndaky Balkan kän müdirliginde hem-de onuň «Daşarbat», «Türkmenbaşy» , «Baleýşem» önümçilik meýdançalarynda degişli işler gyzgalaňly barýar. Känlerden gazylyp alynýan çäge-çagyl garyndysy, daş owuntygy, ýuwlan çäge ýaly gurluşyk serişdeleri senagat taýdan özleşdirilip, harytlyk görnüşine getirilýär. Bäsleşige ukyply, ýokary hilli gurluşyk serişdelerem buýurmalar boýunça bellenilen möhletlerde degişli salgylaryna iberilýär.

Häzirki wagtda müdirligiň agzybir işçileridir hünärmenleri geçen döwürde gazanylan üstünlikler bilen çäklenmän, şowly badalgalar alan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji aýyny ýokary önümçilik görkezijilerine besleýärler. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, müdirligiň zähmet toparlary üstümizdäki ýylda giňden belleniljek ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyny guwandyryjy üstünlikler bilen garşylamagy maksat edinýärler.