Ï Arkadag şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň çäklerinde sanly standartlara laýyk gelýän täze desgalaryň 220-den gowragy gurlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň çäklerinde sanly standartlara laýyk gelýän täze desgalaryň 220-den gowragy gurlar

view-icon 944
Arkadag şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň çäklerinde sanly standartlara laýyk gelýän täze desgalaryň 220-den gowragy gurlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy boýunça iş maslahatyny geçirdi. Medeni-durmuş maksatly desgalaryň giň gerimli gurluşygy we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy maslahatyň üns merkezinde boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlaryna laýyklykda, ikinji tapgyryň çäklerinde dürli maksatly desgalaryň 220-den gowragy gurulýar.

Olaryň hatarynda ýokary amatlykly döwrebap 5, 7 we 9 gatly ýaşaýyş jaýlary, dünýä ülňülerine gabat gelýän çagalar baglary we umumybilim berýän mekdepler, şeýle hem ilatyň iş bilen üpjünçiligini we infrastrukturasynyň ösdürilmegini üpjün edýän önümçilik maksatly desgalar bar.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda ýerine ýetirilýän işleriň we häzirki zaman talaplaryna, ýokary halkara görkezijilere kybap gelmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem ornaşdyrylýan sanly ulgamlar amatlylygy, ykjamlylygy, elýeterliligi, medeni-durmuş maksatly desgalaryň ählisi şeýle mümkinçilikleri öz içine almalydygy bellenildi.