Ï Türkmenistanyň Prezidenti 2028-nji ýyla çenli sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti 2028-nji ýyla çenli sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklady

view-icon 301
Türkmenistanyň Prezidenti 2028-nji ýyla çenli sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklady

Türkmenistan tehnologik döwrebaplaşdyrmagyň täze tapgyryna gadam basýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň degişli Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.

Bu resminama «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda taýýarlanylyp, Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew tarapyndan Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi.

Täze Döwlet maksatnamasy ýurduň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny özgertmäge gönükdirilendir. Esasy ileri tutulýan ugurlar – innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary tehnologiýaly ykdysady modeli döretmek, döwlet edaralarynyň işine sanly ulgamlary giňden girizmek hökmünde kesgitlenildi.

Maksatnamanyň ýerine ýetirilmegi döwlet dolandyryşynyň ähli edaralaryna tabşyryldy. Döwlet Baştutanymyz ministrliklere we pudaklaýyn edaralara, welaýat, Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki häkimliklere bellenilen meýilnamalaryň doly we netijeli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek barada görkezme berdi.