Ï «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky ilkinji sany okyjylara ýetirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky ilkinji sany okyjylara ýetirildi

view-icon 139
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky ilkinji sany okyjylara ýetirildi

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan ýylyň ilkinji aýyndaky taryhy wakalar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň 2026-njy ýylyň 1-nji sanynda jemlenipdir.

«Dünýä ykrarydyr türkmen bedewi!» atly makalada «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň geçen aýda mynasyp bolan abraýly halkara şahadatnamalary barada söhbet edilýär. Türkmen bedewleriniň waspy «Behişdi bedewler döwrümiziň badynda» atly makalada hem dowam etdirilýär.

Eýýäm ençeme ýyldan bäri däp bolup gelşi ýaly, täze ýylyň ilkinji baýragyna çagalar mynasyp boldular. Has takygy, ýylyň ilkinji günlerinde zehinli çagalaryň köp sanlysyna Gulbaba adyndaky çagalar baýragy gowşuryldy

Elektron neşirdäki «Watan goragy – belent mertebe» atly makala 27-nji ýanwarda bellenilen Watan goragçylarynyň güni mynasybetli paýlaşylýar. Indiki sahypalarda bolsa «Täze banknotlar ̶ döwrebap ösüşleriň nyşany» atly täsirli makalany okap bilersiňiz. «Wirtual aktiwler: sanly dünýäniň täze gymmatlyk ölçegi» atly makala hem okyjylaryň ünsüni özüne çekýär.

Makalalarynyň köpugurlydygy bilen aýratyn tapawutlanýan neşir şu gezek ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygymyzyň täze gözýetimlerine bagyşlanan makalany hem paýlaşypdyr.

«Saragt Babaýewiň döredijiliginde saz sungaty» atly ylmy häsiýetli makala neşiriň täze sanynyň iň täsirli çykyşlarynyň biri bolupdyr. Makalada heýkeltaraşlyk we saz sungatlarynyň baglanyşygy inçelik bilen beýan edilýär. «Joşgunly derýasy akyp baradyr» atly makalada bolsa Türkmenistanyň Gahrymany, şahyr Gözel Şagulyýewanyň döredijiligindäki inçelikler yzarlanylýar.

Däp bolşy ýaly, neşiriň täze sanyndan hem halypalaryň we ýaş galamgärleriň birnäçesiniň täze şygyrlaryny okap bilersiňiz.

«Şowsuzlyklary ýeňişlere öwürmegiň sungaty» atly makalada keramikanyň täsin ugurlary barada gürrüň edilýän bolsa, ahyrky sahypalarda ýerleşdirilen täleýnama hemmeleriň höwes bilen göz aýlaýan bölegi.

Şu gezek «Gar astyndaky miweler» diýlip atlandyrylýan işdäaçary taýýarlamak bilen bagly hem gyzykly maglumatlar berilýär. Däp bolşy ýaly, neşiriň ahyrky sahypalarynda «Ýaş waspçy» atly döredijilik bäsleşiginiň täze ýeňijisi barada hem okap bilersiňiz. Neşir täze sanynda ýene bir döredijilik bäsleşigini yglan edipdir.