2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle-de halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meselelerine, şol sanda köptaraplaýyn meýdançalarda iki ýurduň başlangyçlaryny we dalaşgärliklerini özara goldamak tejribesiniň ähmiýetine aýratyn üns berildi.