Ï Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty orta mekdepleriň gutardyş synp okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşiklerini geçirer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty orta mekdepleriň gutardyş synp okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşiklerini geçirer

view-icon 115
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty orta mekdepleriň gutardyş synp okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşiklerini geçirer

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylaryny ders bäsleşiklerine gatnaşmaga çagyrýar.

Okuwçylar üçin matematika, fizika, himiýa we häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary okuw dersleri boýunça olimpiadalar geçiriler. Ders bäsleşikleriniň birinji tapgyry degişlilikde 1-nji, 2-nji, 3-nji we 4-nji aprelde geçiriler. Ikinji tapgyr 29-njy aprelde bolar.

Olimpiadalar test usulynda şahsy bäsleşikler görnüşinde döwlet dilinde geçirilýär.

Intellektual bäsleşikleriň I, II we III orunlaryny eýelän ýeňijileri degişli derejeli diplomlar bilen sylaglanarlar.

Guramaçylyk topary Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň mekdepleriniň gutardyş synplarynyň gyzyklanma bildirýän ähli okuwçylaryny olimpiadalara gatnaşmaga çagyrýar.

Gatnaşmaga ýüztutmalary bermek üçin 25-nji marta çenli bellige alyş namasy doldurylmalydyr we ol tdbgiobolymp@gmail.com elektron salgy boýunça guramaçylyk toparyna iberilmelidir. Gatnaşjaklar üçin giňişleýin maglumatlar institutyň resmi saýtynda elýeterlidir.

Dersler boýunça olimpiadalar ýaş zehinleri ýüze çykarmak, ösdürmek we goldamak, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýelemek, olary ylym we döredijilik işleri bilen işjeň meşgullanmaga höweslendirmek, okuwçylary hünärlere ugrukdyrmak, olaryň intellektual taýdan ösmegi üçin oňyn şertleri döretmek, şeýle hem Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlaryň okadylyşyny has-da kämilleşdirmek hem-de ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek maksady bilen geçirilýär.