Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 148
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipleriň esasynda adam hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmek, migrasiýa, daşky gurşawy goramak bilen bagly hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Mejlisde Çad Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, halkara guramalaryň, ýurdumyzdaky daşary ýurt wekilhanalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 4-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek babatda ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň halkara guramalar bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 6-syna gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň hukuk binýadyny berkitmek, kanunçylygy döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2 göterime, gurluşykda 6 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 9,3 göterime, söwdada 8,2 göterime, oba hojalygynda 2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,5 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar aýynda jemi öndürilen önüm 10 göterim ýokarlanyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 10,1 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar aýynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,2 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,1 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21,3 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzy ösdürmek boýunça 2026-njy ýylda bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegi, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, pudaklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri ilerletmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 107,5 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 106,4 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 126,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 104,6 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 122,1 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 108,3 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleri amala aşyrmak üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşyny artdyrmak, uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny özleşdirmek boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegi, toplumyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 103,9 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 116,4 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 108,4 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 117,3 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 100 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 102,9 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 108,2 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 100,6 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101,2 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 107,9 göterim ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Sebitlerde ýerleşýän suw howdanlaryna suw toplamak, suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak hem-de suw hojalyk desgalaryny abatlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegi hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki talaplara görä, bellenen möhletlerde geçirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 133,9 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 105,6 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 119,1 göterim, Energetika ministrligi boýunça 114,9 göterim ýerine ýetirildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 170,8 göterime deň boldy. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan degişli meýilnama 106,2 göterim berjaý edildi. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 112,9 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk pudagynda göz öňünde tutulan işleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegiň, ýurdumyzdaky himiýa kärhanalarynyň işini döwrebap guramak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, elektroenergetika pudagynyň kuwwatyny artdyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýollaryň gurluşygyna we saklanyşyna gözegçiligi güýçlendirmegi, binalardyr desgalary ýokary hilli gurup, bellenen möhletde ulanmaga bermek üçin alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 111,4 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,1 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 100,8 göterim, şol sanda nah ýüplügiň önümçiliginde 100 göterim, nah matalaryň önümçiliginde 102,4 göterim, gön önümleri babatda 115,3 göterim ösüş gazanyldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 104,1 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat döwründe 26 birža söwdasy geçirilip, olarda 2 müň 361 şertnama hasaba alyndy. 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 116,3 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 4 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 106,5 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 105,1 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň söwda, dokma we telekeçilik pudaklarynyň işini ösdürmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň bazarlaryny hem-de söwda nokatlaryny azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjün etmek, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar we belli seneler mynasybetli dürli medeni çärelerdir dabaralar geçirildi. Paýtagtymyzdaky kinoteatrlarda, kinokonsert merkezlerinde kino görkezilişleri hem-de konsertler geçirilip, kitaphanalarda, muzeýlerde, taryhy-medeni ýadygärlikler toplumlarynda medeni hyzmatlar hödürlenildi. Döwletimizde gazanylýan üstünlikler, ösüş-özgerişler baradaky maglumatlar metbugat sahypalarynda, teleradioýaýlymlarda, internet saýtlarynda giňden beýan edildi. Döwlet maksatnamalaryndan, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň degişli Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça zerur işler alnyp baryldy. Şeýle hem hasabat döwründe ýurdumyzda birnäçe halkara medeni çäreler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň işini döwrüň talabyna görä guramagy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere medeni mirasymyzy öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýawly saklamak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, hasabat döwründe bilim işine okatmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga, ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, mugallymlaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Mekdep okuwçylary we talyp ýaşlar halkara ders, internet bäsleşiklerine gatnaşyp, jemi 62 medal gazandylar. Täze ýyl baýramyna bagyşlanan dabaralar, mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsümi guramaçylykly geçirildi. Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan Täze ýyl sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Hasabat döwründe 2026-njy ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň, alymlyk derejelerine dalaşgärleriň, kliniki ordinatorlaryň sany tassyklanyldy.

Ýanwar aýynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda işler dowam etdirilip, bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Şunuň bilen bir hatarda, bedenterbiýäni, sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek, türgenleri Olimpiýa oýunlaryna, iri halkara ýaryşlara taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, dürli çäreler guraldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bilim edaralarynda ýaşlara döwrebap ylym-bilim bermek işine aýratyn üns bermegi, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde halkara tejribeden ugur almagy, sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrligi tarapyndan şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşinde ýokary derejedäki saparlar we duşuşyklar möhüm orny eýeleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň diplomatik gullugy tarapyndan dürli döwletleriň daşary syýasat edaralary bilen bilelikde 2026-njy ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlara saparlaryny guramak boýunça degişli işler geçirilýär.

Abraýly halkara guramalar bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýanwar aýynda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktorynyň Türkmenistanda saparda bolandygy bellenildi. Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 30 wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi, Türkmenistandan 65 wekiliýet daşary ýurtlara ugradyldy. Ýanwar aýynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 21-si geçirildi, Türkmenistanda daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen bilelikde resmi gepleşiklerdir duşuşyklaryň 116-sy guraldy. Hasabat döwründe döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti halkara resminamalaryň 12-si bilen ýetirildi.

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi bilen beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde sanly ulgam arkaly syýasy geňeşmeleriň geçirilendigi, Aşgabatda Hindistan Respublikasynyň, Marokko Patyşalygynyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralary bilen geňeşmeleriň guralandygy bellenildi. Ilçihanalaryň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary ösdürmek we kämilleşdirmek Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biridir. Bu babatda ýanwar aýynda Çad Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň ynanç hatyny gowşurandygy aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi, ýurdumyzda halkara çäreleri ýokary derejede guramaga hem-de geçirmäge möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 113,3 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 101,4 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 103,4 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 106,7 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 120,9 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 119,8 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 102,6 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 113 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmegi we döwrebaplaşdyrmagy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýolagçy we ýük dolanyşygyny, üstaşyr hem-de halkara ýük daşamalaryň möçberini artdyrmaga möhüm ähmiýet bermegi, ilata edilýän aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň uly üstünliklere eýe bolýandygyna aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi. “Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär, önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, täze, döwrebap kärhanalary gurmaga we bar bolan kärhanalary döwrebaplaşdyrmaga uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Nebitgaz, söwda, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, oba hojalyk pudagynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport, medeniýet ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. Şeýle-de häzirki wagtda täze senagat desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş we saglyk merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygy üstünlikli alnyp barylýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam edip, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň, amala aşyrylmaly çäreleriň we öňde durýan wezipeleriň köpdügine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz indiki hepdede Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň geçiriljekdigini, onda 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleriniň jemleniljekdigini, kabul edilen maksatnamalaryň we berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň seljeriljekdigini, käbir beýleki meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.