Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sungat galereýasynyň zallaryny hakyky gündogar reňkleriniň birleşmesi – goýy we mazmunly öwüşginleri bilen gurşap aldy. Bu ýerde häzirki zaman türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisi geçirilýär. Serginiň guraýjysy, sungaty öwreniji Aýbölek Berdiýewa bu barada şeýle diýdi:
– Bu çeperçilik ekspozisiýasy «Durmuş hakda, söýgi hakda» diýlip atlandyrylýar. Sebäbi onda görkezilýän sungat eserleri söýgi hadysasyny awtorlaryň durmuş tejribesi, dünýägaraýşy we ýaşlyk ýyllaryndan kemala gelen medeni mirasy arkaly öwrenýär. Öz işlerinde suratkeşler hyýaly düşünjeler bilen hakykatyň arasyndaky aralygy aýryp, tomaşaçy bilen gönüden-göni söhbetdeşlik döredýärler we hödürlenýän hekaýany özleriçe düşündirmäge çagyrýarlar.

Meýdançada suratlaryň ýerleşdirilişinden başlap, interýer çözgütlerine çenli her bir bölek inçelik bilen göz öňünde tutuldy. Giňişligi çuňlaşdyrmak üçin zalda ýeňil, ýarym dury matadan labirint döredildi. Tomaşaçy döredilen kubuň içine girende, türkmen durmuşynyň pursatlary bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Suratkeşler tarapyndan ussatlyk bilen bellenilip geçilen ownuk bölekleri bu ýerde täze many-mazmuna eýe bolýar we adaty durmuş ýörelgesine täzeden seretmäge mümkinçilik berýär.
Sergide goýlan tawus guşunyň ýelekleri aýratyn bir öwüşgin döredýär: olar zallaryň dürli ýerlerinde ýerleşdirilip, sähelçe şemal öwüsmesinden hem pasyrdaýarlar. Bu usulyň täsiri netijesinde, käbir suratlaryň monumentallygyna garamazdan, edil uçýan halydaky ýaly tutuş ekspozisiýa ýeňil we pasyrdap duran ýaly görünýär. Suratlaryň mazmuny haýran galdyrýar: gündogar peri gözelleri, ahalteke bedewleri, milli lybasly mähirli çagalaryň keşpleri we ene topragyň egsilmez gözellikleri.

Sungaty öwreniji Azat Annaýewiň belleýşi ýaly, sergide dürli nesiller sazlaşykly utgaşýar:
– Bu ýerde hem ussatlar – akademiýanyň we sungat mekdebiniň mugallymlary bilen bir hatarda ýaşlar hem bar. Mysal üçin, Toýly Çopanow – realizmiň görnükli wekili bolup, ol hemişe naturadan surat çekýär. Onuň suratlarynyň gahrymanlary, köplenç, öz okuwçylary bolup, bu döredijilik işini talyplar üçin özboluşly ussatlyk sapagyna öwürýär we türkmen suratkeşlik mekdebiniň däpleriniň dowamatlylygyny alamatlandyrýar.

Eserleriň hatarynda ykrar edilen ussatlaryň işlerini görmek bolýar: Öwezmuhammet Mämmetnurowyň, Kakageldi Gurbangeldiýewiň, Kössekmyrat Nurmyradowyň, Möjek Çaryýewiň we Allamyrat Muhammedowyň. Sungat synçysy Muhammedowyň işleri barada aýdylanda, onuň giňişlik görnüşlerini we göwrümlerini ýokary derejede ussatlyk bilen ýerine ýetirendigini nygtaýar.
– Onuň döredijiligi giňişlik bilen oýnamakdyr: teksturalaryň we materiallaryň garyşdyrylmagy arkaly giňişlik çuňluga gidýär hem-de öňe çykýar. Suratkeş her bir pikire mazmun bermäge çalyşýar. Bu duýgy reňklerde, ynamly çyzyklarda we hatda bezegde hem duýulýar. Bu ýerde umumy çeperçilik wezipesine paspartu hem, çarçuwanyň hem özi hyzmat edýär.

Zallary, şeýle-de Rüstem Abdyllaýewiň, Çarymyrat Ýazmyradowyň, Ogulsadap Kulyýewanyň, Zakirjan Babaýewiň, Gunça Myradowanyň, Azat Myradowyň, Gurbangeldi Gurbanowyň, Polat Çaryýewiň, Şöhrat Berdiýewiň we Merdan Babajanowyň eserleri bezeýär.
Serginiň aýratynlygy – halan islendik eseri şahsy kolleksiýa üçin satyn almak bolýar. Ekspozisiýa fewral aýynyň ahyryna çenli dowam edip, häzirki zaman türkmen sungatynyň dünýäsi bilen tanyşmak isleýänleriň ählisine ajaýyp mümkinçilik berýär.