Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» futbol topary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň birinji duşuşygynda Türkmenistanyň «Arkadag» futbol topary bilen oýnamak üçin Aşgabada özüniň ýyldyz oýunçylary bolan Kriştianu Ronaldu, Žoau Feliks, Sadio Mane, Kingsli Koman, Inýigo Martines we Marselo Brozowiçsiz geldi. Bu barada duşuşygyň öňüsyrasyndaky metbugat maslahatynda mälim boldy. Maslahata toparyň baş tälimçisi Žorže Žezuş derwezeban Bento Mateus Krepski bilen gatnaşdy.
Olimpiýa stadionyndaky giň maslahatlar zalyna giren 71 ýaşly belli portugaliýaly hünärmen žurnalistler bilen türkmen dilinde: «Salam aleýkum!» diýip salamlaşdy. Emma soňra şeýle diýdi:
– Men iňlis dilinde gürlemeýärin. Portugal dilinde gürlärin. Biz Aşgabada Saud Arabystanynyň futbolyna wekilçilik etmäge geldik. Howa menzilden gaýdyşyn owadan Aşgabady gördük. Öňümizde bize kyn oýun garaşýar, ýöne biz oňa taýýar.

AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň utulan-çykdy tapgyrynyň duşuşygy üçin «Al-Nassr» toparyň esasy oýunçylarynyň Aşgabada gelmezliginiň sebäpleri baradaky soraga tälimçi şeýle jogap berdi:
– Bu Kriştianu Ronaldunyň Saud Arabystanyndan daşarda geçirilýän oýunlara gatnaşmaýan ilkinji gezegi däl. Biz içerki çempionatymyzyň has möhüm oýunlary üçin beýleki ýyldyz oýunçylarymyz ýaly, onuň hem güýjüni tygşytlamalydyrys.
«Al-Nassr» topary Saud Arabystanynyň çempionatyndaky indiki duşuşygyny 14-nji fewralda «Al-Fateh» toparyna garşy geçirer. Bu duşuşyk 18-nji fewralda Er-Riýadda «Arkadag» topary bilen boljak jogap duşuşygynyň öňüsyrasynda bolar.
Duşuşygyň öňüsyrasyndaky metbugat maslahatynda «Altyn asyr» elektron gazetiniň habarçysy hem myhman toparyň baş tälimçisine sowal bilen ýüzlendi. Habarçy belli hünärmeniň üç ýylyň içinde AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň utulan-çykdy tapgyryna çenli ýeten «Arkadag» toparynyň çalt depginli ösüşine nähili baha berýändigi bilen gyzyklandy.
«Biz «Arkadag» futbol toparynyň golaýda döredilendigini, onuň örän ýaş topardygyny bilýäris. Biz futbolçylaryň oýun stilini, olaryň goranyşda we hüjümde nähili hereket edýändiklerini, beýleki käbir aýratynlyklary öwrendik we oýna gowy taýýarlanmaga çalyşarys. Bu biziň üçin örän agyr oýun bolar» diýip, Žorže Žezuş jogap berdi.
«Al-Nassr» toparynyň derwezebany Bento Mateus Krepski hem «Arkadag» topary bilen boljak duşuşyk baradaky garaýyşlaryny žurnalistler bilen paýlaşdy.
«Her bir oýunçy, şol sanda men hem, oýna özüçe taýýarlanýar we ýeňiş gazanmak isleýär. Biz garşydaşymyzyň oýunlaryny öwrenmäge ýetişdik. Duşuşyk aňsat bolmaz diýip garaşýarys. Ýöne biz oňa taýýar» diýip, Saud Arabystanynyň toparynyň derwezebany belledi.
Kriştianu Ronalda we beýleki esasy oýunçylaryna dynç beren «Al-Nassr» ätiýaçlyk düzümi bilen giç agşamda Aşgabada geldi we oýun geçiriljek Olimpiýa stadionynda türgenleşik geçmezlik kararyna geldi.