Aşgabatda geçirilýän Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň dowamynda Türkiýäniň dokma we sowgatlyk önümleriniň görnüşlerini hödürlän «Güven Bayrak» kompaniýasynyň diwarlygy myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.
AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda «Arkadag» futbol topary bilen Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» toparynyň arasynda geçiriljek duşuşyga ýörite taýýarlanylan üýtgeşik janköýer şarflary serginiň iň özüne çekiji nusgalarynyň biri boldy.

Ýokary hilli poliester-satinden taýýarlanan bu şarflar tekizligi, özüne mahsus öwüşgini we topar nyşanlarynyň takyk çekilmegi bilen tapawutlanýar. «Güven Bayrak» kompaniýasynyň wekilleriniň aýtmagyna görä, bu ugurdaky mowzuklaýyn önümleriň tutuş tapgyry gysga wagtyň içinde satylyp gutaryldy.
1995-nji ýylda esaslandyrylan «Güven Bayrak» kompaniýasy giň formatly we dokma çap işleri ulgamynda ykrar edilen kompaniýa bolup durýar. Kompaniýanyň önümçilik kuwwatlyklary dürli görnüşli sargytlary: bannerleriň, diwarlyklaryň we baýdaklaryň dürli görnüşleri (şol sanda TSE baýdaklaryň) sanly çapyndan başlap, mahabat önümlerini taýýarlamaga hem-de matalaryň ýüzüne sublisimasion çap etmäge çenli hyzmatlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Kompaniýanyň dokma bölümi egin-eşikleri brendleşdirmek, şol sanda sport köýnekleri we kellä geýilýän başgaplary öndürmek, şeýle hem senagat möçberinde matalaryň ýüzüne surat çap etmek boýunça hyzmatlary hödürleýär.
Aşgabatda geçirilýän häzirki serginiň dowamynda brendiň önümlerine bolan isleg «Güven Bayrak» kompaniýasynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen geljekki hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.