Ï Žorže Žezuş: «Türkmenistan – owadan ýurt, bu ýerdäki stadion bolsa örän ajaýyp»
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Žorže Žezuş: «Türkmenistan – owadan ýurt, bu ýerdäki stadion bolsa örän ajaýyp»

view-icon 60
Žorže Žezuş: «Türkmenistan – owadan ýurt, bu ýerdäki stadion bolsa örän ajaýyp»
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

«Türkmenistan – owadan ýurt we bu ýerdäki stadion bolsa örän ajaýyp» diýip, Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» toparynyň baş tälimçisi Žorže Žezuş AFK Çempionlar ligasynyň 2-nji tapgyrynyň 1/8 finalynyň çäginde Türkmenistanyň «Arkadag» topary bilen geçirilen ilkinji duşuşygyndan soňky metbugat maslahatynda aýtdy.

Ilkinji gezek 45 müň tomaşaçy üçin niýetlenen we Merkezi Aziýanyň iň uly stadiony bolan Olimpiýa stadionynda geçirilen duşuşyk myhman toparyň peýdasyna 1-0 hasabynda tamamlandy. Ýeňiş goluny 19-njy minutda Gabriel Anželo tarapyndan berlen tehniki pasdan soň Abdulla Al-Hamdan geçirdi.

«Duşuşygyň ähli gatnaşyjylaryna we stadiona gelen janköýerlere hoşallygymy bildirýärin. Siziň örän owadan ýurduňyz, myhmansöýer halkyňyz we futbol üçin ähli şertleri bolan ajaýyp stadionyňyz bar. Duşuşygyň biziň peýdamyza tamamlanandygyna örän şat» – diýip, Žorže Žezuş belledi.

«Al-Nassr» toparynyň AFK Çempionlar ligasynyň 2-nji tapgyrynda ýeňiş gazanmak mümkinçilikleri baradaky sowala 71 ýaşly portugaliýaly hünärmen şeýle jogap berdi:

«Biziň üçin her bir oýun möhüm, biz hemişe ýokary derejede oýnamaga çalyşýarys. «Al-Nassr» toparynyň esasy maksatlarynyň biri – AFK Çempionlar ligasynyň 2-nji tapgyrynda ýeňiji bolmak. Emma indiki tapgyra çykmagymyz heniz doly kepillendirilenok, öňümizde Er-Riýadda jogap duşuşygymyz bar. Biz garşydaşymyza hormat goýýarys we indiki duşuşyga ykjam taýýarlanýarys».

Ilkinji duşuşygyň Saud Arabystanynyň topary üçin şowly bolandygyny göz öňünde tutup, «Er-Riýadda geçiriljek jogap oýnunda «Al-Nassr» topary «Arkadag» toparyna garşy ýene-de ikinji düzüm bilen çykarmy ýa-da ýyldyz oýunçylar hem meýdança çykarmy?» diýen sowal žurnalistleriň köpüsini gyzyklandyrýar.

«Men hiç zada kepil geçip bilmeýärin we öňünden aýdyp bilmerin: jogap oýnunda ikinji düzüm oýnarmy ýa-da ýyldyzlar? Ilki bilen bize Saud Arabystanynyň çempionatynda başga bir duşuşyk garaşýar».

Habar berlişi ýaly, «Arkadag» topary bilen boljak jogap duşuşygyndan öň «Al-Nassr» 14-nji fewralda Saud Arabystanynyň çempionatynyň 22-nji tapgyrynyň çäginde «Al-Fateh» topary bilen duşuşar.

Metbugat maslahatynda oýnuň iň gowy oýunçysy diýlip saýlanan we ýeke-täk goluň awtory Abdulla Al-Hamdan hem özünde galan täsirlerini paýlaşdy:

«Türkmenistanda bize görkezilen mähirli garşylamalar üçin hoşallyk bildirýärin. Bu örän gyzykly we kyn oýun boldy. Ýöne iň esasy zat — biz ýeňiş gazandyk. «Arkadag» topary — örän güýçli garşydaş. Emma biziň Er-Riýadda ýene bir oýnumyz bar we onuň hem biziň peýdamyza tamamlanjakdygyna umyt edýärin» — diýip, MVP ýeňijisi Abdulla Al-Hamdan aýtdy.

Ýatladyp geçsek, «Arkadag» topary bilen «Al-Nassr» toparynyň arasyndaky jogap oýny 18-nji fewralda Saud Arabystanynyň paýtagtynda geçiriler.