Ï Giň gerimli gurluşyklar we durmuş ösüşi: Türkmenistanda 2026-njy ýyl üçin meýilnamalar kesgitlenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Giň gerimli gurluşyklar we durmuş ösüşi: Türkmenistanda 2026-njy ýyl üçin meýilnamalar kesgitlenildi

view-icon 152
Giň gerimli gurluşyklar we durmuş ösüşi: Türkmenistanda 2026-njy ýyl üçin meýilnamalar kesgitlenildi

13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň 2026-njy ýyl üçin ösüş meýilnamasyny hödürledi. Maksatnamada ulag düzümini we bilim ulgamyny ösdürmäge, sebitlerde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga aýratyn üns berilýär.

Şu ýyl ulag we energetika pudaklary üçin ähmiýetli ýyl bolar. Döwlet Baştutanymyz birnäçe möhüm desgalaryň ulanmaga beriljekdigini mälim etdi.

Şeýlelikde, şu ýylda ýurdumyzyň üstaşyr geçirijilik ukybyny ösdürmekde möhüm tapgyr bolan Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary – Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy bolar. Şeýle hem Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda köp ugurly elektrik stansiýasy, Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlary we binalar toplumy ulanmaga berler.

Türkmenistan ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak we raýatlaryň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak ugruny yzygiderli dowam etdirýär. 2026-njy ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň döwrebap täze binalar toplumlary hem dabaraly açylar.

Döwlet Baştutanymyz ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz, elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalarynyň gurluşygyna ep-esli serişdeleriň goýberiljekdigini belledi.