Ï Türkmenistan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna täze belent maksatlar bilen girýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna täze belent maksatlar bilen girýär

view-icon 151
Türkmenistan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna täze belent maksatlar bilen girýär

13-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýylyň jemleri jemlendi we simwoliki şygar astynda geçýän 2026-njy ýyl üçin ýurdumyzyň ösüşiniň giň gerimli meýilnamasy tassyklanyldy.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bellenilýän 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edildi. Bu ýylyň şygary döwletimiziň ösüşiniň barşyny we milli däp-dessurlara wepalylygyny özünde jemleýär.

Şu ýylyň dowamynda birnäçe möhüm halkara çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär. Olary ýokary derejede taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti guramaçylyk döwlet toparyny döretmek hakynda Karara gol çekdi.

«Görşüňiz ýaly, şu ýyl üçin kabul eden Maksatnamamyz örän köp işleri öz içine alýar. Ata Watanymyzy mundan beýläk-de has-da gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr» diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, 2026-njy ýylda bellenen sepgitlere, maksatlara ýetiljekdigine berk ynam bildirdi.