Ï Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine

view-icon 95
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine

Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň hormatly işgärleri!

Sizi Watanymyzda her ýyl giňden bellenilip geçilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen ýylda hem döwletimiziň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak üçin täze, belent sepgitler kesgitlenildi. Siziň sebit we halkara gatnaşyklarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge mynasyp goşandyňyzy goşjakdygyňyza berk ynanýaryn.

Hormatly diplomatlar!

Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji ädimlerinden başlap, halkara gatnaşyklarda we daşary syýasatda Bitaraplyk, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly binýatlyk ýörelgeleri saýlap aldy. Geçen ýyllaryň dowamynda döwletimiziň daşary syýasaty Türkmenistanyň milli bähbitlerine we Birleşen Milletler Guramasynyň esas goýujy maksatlaryna doly laýyk gelýändigini iş ýüzünde subut etdi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy we onuň Türkmenistanyň Hökümeti bilen netijeli işlemegi hem Bitaraplygyň parahatçylyk dörediji güýjüniň aýratyn ähmiýetini giňden açyp görkezýär.

Ýurdumyzyň halkara ähmiýetli teklipleriniň we ählumumy häsiýete eýe bolan başlangyçlary esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ulgamyndaky möhüm Kararnamalaryň uly toplumynyň kabul edilmegi döwletimiziň bu abraýly gurama bilen strategik hyzmatdaşlygynyň netijeli mazmuna eýedigini görkezýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem bu hakykaty doly tassyklaýar. Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçirilen ýokary derejeli halkara forumyň jemleri Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýyny has-da artdyrdy, döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli taglymatyny ýene-de bir gezek äleme ýaýdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz halkara borçnamalara hem-de halkara hukugyň ýörelgelerine berk we gyşarnyksyz eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy hem-de geoykdysady mümkinçiliklerini parahat durmuşyň, döredijilikli ösüşiň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna durmuşa geçirýäris. 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyç bütin dünýäde parahatçylygyň diňe bir hukuk binýadyny däl, eýsem, onuň ruhy esaslaryny hem kämilleşdirýär. Bu ynsanperwer başlangyçlar halkara gatnaşyklarda özara hormat goýmak we adalatlylyk ýörelgelerini dabaralandyrmak bilen, ählumumy durnuklylygyň täze taryhy sahypasyny açýar.

Döwletimiziň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen birlikde, häzirki wagtda energetika, ulag-aragatnaşyk, ekologiýa, ýokary tehnologiýaly «ýaşyl» ykdysadyýet, medeni-ynsanperwer ulgam ýaly ähmiýetli ugurlarda iri halkara taslamalaryň durmuşa geçirilmegi babatda zerur şertler döredilýär. Hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty we diplomatiýasy uzak möhletleýin milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde zerur bolan ähmiýetli mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilendir. Bu babatda döwletara we hökümetara derejede syýasy-diplomatik, halkara hukuk, söwda-ykdysady geňeşmeleriň netijeli gurallaryny işe girizmekde ýurdumyzyň diplomatik gullugyna uly talap bildirilýär.

Türkmenistan bu gün ösüşiň belent sepgitlerini nazarlap, nurana geljege tarap ynamly öňe barýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty we diplomatiýasy milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde zerur şertleri döredýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» ugur alyp, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleri daşary syýasatymyzda parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi arkaly halkara gatnaşyklary kämilleşdirmäge çagyrýan nusgalyk syýasatymyzyň geriminiň giňeldilmegine, Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň has-da belende göterilmegine işjeň gatnaşýarlar. Ýurdumyzyň milli bähbitlerini hemmetaraplaýyn goramakda we halkara gatnaşyklar ulgamyndaky belent abraýyny artdyrmakda döwletimiziň diplomatik gullugynyň işgärleriniň öňünde goýlan möhüm wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirjekdiklerine berk ynanýaryn.

Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri!

Sizi hünär baýramyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadançylyk, döwletimiziň dünýä derejesindäki abraýyny has-da artdyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.