Türkmen hokkeýçileri Bosniýa we Gersegowinanyň Saraýewo şäheriniň «Skenderiýa» sport meýdançasynda geçirilýän «B» toparçanyň üçünji diwizionynda 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky 27-nji dünýä çempionatyna Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndy toparyndan 4:3 (1:1, 1:2, 1:1) hasabynda üstün çykmak bilen başladylar.
Halkara hokkeý federasiýasynyň (IIHF) howandarlygynda geçirilýän ýedinji derejeli ýaryşa görkezijisi boýunça iň aşaky orunlarda durýan iki toparça bölünen alty sany ýygyndy topar gatnaşýar. «A» toparçasyna Islandiýanyň, GAR-yň hem-de Bosniýa we Gersegowinanyň ýygyndylary, «B» toparçasyna bolsa Türkmenistanyň, Tailandyň we Lýuksemburgyň toparlary girdi.
Ýaryşyň birinji tapgyrynda her bir ýygyndy topar beýleki toparçanyň wekilleri bilen üç oýun geçirer. Toparçalaýyn tapgyryň netijeleri boýunça ýarym finalçylar kesgitlener: «A» toparçasynda birinji orny eýelän topar «B» toparçanyň ikinjisi bilen, «B» toparçanyň ýeňijisi bolsa «A» toparçanyň kümüş baýrakçysy bilen duşuşar. Ýarym finallaryň ýeňijileri ýaryşyň altyn medallary we «A» toparçanyň üçünji diwizionyna gatnaşmaga hukuk berýän petek ugrunda bäsleşerler.

18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy toparyna 18 sany hokkeýçi wekilçilik edýär: derwezebanlar Oraz Jepbarow we Annamämmet Çarşemow, goragçylar Serdarmyrat Ýollyýew, Nuraly Rejepow, Aýmyrat Amanmedow, Rustam Ömürow, Kyýas Ustaýew, Ruslan Buriýew, Aleksandr Koçetkow we Yhlas Seýitliýew, şeýle hem hüjümçiler Daýanç Batyrow, Ýaroslaw Dawletçin, Kerimberdi Saparmyradow, Röwşen Arçaýew, Hezretaly Mämmedow, Bagtyýar Bäşimow, Dawut Adylow we Daniýar Konkužaýew.
Şu duşuşyga çenli Türkmenistanyň we GAR-yň ýetginjekler ýygyndylary 18 ýaşa çenli dünýä birinjiliklerinde iki gezek duşuşypdylar. Şol duşuşyklaryň ikisinde-de türkmenistanlylar ynamly ýeňiş gazanypdylar: Keýptaunda 2024-nji ýylyň dünýä çempionatynda – 6:2 we Bangokda 2025-nji ýylyň dünýä çempionatynda – 18:7 hasabynda.
Bu gezek ýeňiş biziň hokkeýçilerimiz üçin aňsat düşmedi. Duşuşygyň 10-njy minudynda toparyň kapitany Daýanç Batyrowyň san taýdan artykmaçlygy netijeli ulanmagy bilen türkmen hokkeýçileri öňe saýlandylar. Emma duşuşygyň birinji ýarymynyň tamamlanmagyna 38 sekunt galanda, Duwan wan der Merwe hasaby deňledi we arakesmä 1:1 hasabynda çykdylar.
Duşuşygyň ikinji ýarymynda Azatgeldi Bäşimowyň şägirtleri öňe geçmegi başardylar – 28-nji minutda Röwşen Arçaýewiň takyk urgusyndan soň hasap 2:1 boldy. 35-nji minutda bolsa Hezretaly Mämmedow san taýdan artykmaçlygy gol bilen jemläp, tapawudy iki şaýba çenli artdyrdy. Şondan soň türkmen hokkeýçileri ýeňşi aňsatlyk bilen saklap biljek ýaly göründi. Emma oýun başgaça ugra üýtgedi. Ikinji ýarymyň soňky minudynda Duwan wan der Merwe özüniň ikinji şaýbasyny geçirip, hasaby 2:3-e getirdi.

Duşuşygyň ikinji ýarymynyň başynda, ýagny 44-nji minutda Joşua Anker hasaby deňläp, duşuşyga gaýtadan gyzykly öwüşgin berdi. Duşuşygyň jemi soňuna 4 minut galanda kesgitlendi. GAR-yň ýygyndysynyň oýunçysy Raýli Polsen 2 minutlyk meýdançadan çykarylandan soňra, biziň toparymyzyň tälimçileri arakesme aldylar. Şondan soň Daýanç Batyrow bu duşuşykda ikinji gezek san artykmaçlygyndan peýdalanyp, hasaby 4:3-e getirdi.
Oýnuň iň gowy oýunçylary hökmünde goragçylar ykrar edildi: GAR-yň düzüminde – Raýli Polsen, Türkmenistanyň ýygyndysynda bolsa Serdarmyrat Ýollyýew saýlandy.
Indiki tapgyrda türkmen hokkeýçileri Islandiýanyň ýetginjekleri bilen duşuşdylar. Islandiýanyň topary ilkinji duşuşygynda Lýuksemburgyň toparyny 12:1 (2:0, 4:0, 6:1) hasabynda ýeňdiler. Bu türkmen hokkeýiniň taryhynda Islandiýanyň topary bilen ilkinji duşuşyk boldy. Islandiýanyň ýygyndysy 1999-njy ýyldan bäri ýetginjekleriň dünýä çempionatlaryna gatnaşyp, halkara derejesinde uly tejribä eýedir.
Duşuşygyň birinji ýarymy Islandiýanyň hokkeýçileriniň peýdasyna tamamlandy: 17-nji sekuntda Elwar Skulason, 10-njy minutda Imir Garsiýa Haflidason we 18-nji minutda toparynyň iň gowy oýunçysy diýlip saýlanan Mikael Eýriksson tapawutlandylar.
Duşuşygyň ikinji ýarymynda Islandiýanyň hokkeýçileri ýene iki şaýba geçirdiler: ilki 33-nji minutda, azlykda oýnaýan wagty Imir Garsiýa Haflidason ikinji goluny urdy, ikinji arakesmä 22 sekunt galanda bolsa Aron Gautason hasaby artdyrdy. Bu gollaryň arasynda, 35-nji minutda Türkmenistanyň ýygyndysynda oýnuň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edilen Röwşen Arçaýew ýeke-täk golumyzy geçirdi.
Dokuz gezek oýunçylaryň meýdançadan çykarylmagy (Islandiýada bäş, biziň toparymyzda dört oýunçy) bilen ýatda galan üçünji ýarymy taraplar biri-biriniň derwezesinden şaýba geçirmegi başarmadylar.
Şeýlelikde, birinji gezek 1:5 (0:3, 1:2, 0:0) hasabynda utulan türkmen hokkeýçileri iki tapgyrdan soň 3 utuk bilen «B» toparçada ikinji orny eýeleýärler we ýarym finala çykmak üçin mümkinçiliklerini saklap galýarlar. Bu toparçada Bosniýa we Gersegowinany (12:3) hem-de GAR-yň toparlaryny (4:2) ynamly ýeňen Tailandyň ýetginjekler topary 6 utuk bilen öňde barýarlar we wagtyndan öň dördünjilige girmegi başardylar.
«A» toparçada iki tapgyrdan soň 6 utuk toplan Islandiýanyň ýygyndy topary wagtyndan öň ýarym finala çykdylar. Bu toparçanyň ikinji ornunda 2 utuk bilen Bosniýa we Gersegowinanyň ýygyndysy durýar. Olar dartgynly geçen duşuşykda Lýuksemburgyň toparyny goşmaça wagtda 7:6 (5:0, 0:3, 1:3, OT: 1:0) hasabynda ýeňdiler. Lýuksemburglylar 1 utuk bilen «B» toparçanyň iň aşaky ornunda, GAR-yň hokkeýçileri bolsa iki tapgyrdan soň utuksyz «A» toparçanyň soňky gatynda ýerleşýärler.
Ýarym finalçylaryň gutarnykly düzümi toparçalaryň jemleýji duşuşyklardan soň mälim bolar. Üçünji tapgyrda ilki bolup buz meýdançasyna GAR-yň we Lýuksemburgyň ýygyndylary çykarlar. Soňra toparçalaryň öňbaşçylary – Islandiýanyň we Tailandyň toparlary özara bäsleşerler. Dünýä birinjiliginiň üçünji oýun gününi Türkmenistanyň we Bosniýa we Gersegowinanyň ýetginjekler toparynyň duşuşygy jemlär.