Ï Kriştianu Ronaldu «Al-Nassr» bilen «Arkadag» toparlarynyň arasyndaky jogap duşuşygyna taýýarlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kriştianu Ronaldu «Al-Nassr» bilen «Arkadag» toparlarynyň arasyndaky jogap duşuşygyna taýýarlanýar

view-icon 202
Kriştianu Ronaldu «Al-Nassr» bilen «Arkadag» toparlarynyň arasyndaky jogap duşuşygyna taýýarlanýar

«Altyn top» baýragyna bäş gezek mynasyp bolan Kriştianu Ronaldu 18-nji fewralda Er-Riýadda geçiriljek AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda «Al-Nassr» bilen «Arkadag» toparlarynyň arasyndaky jogap duşuşygyna gatnaşar diýlip çak edilýär. Bu barada daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýazýarlar.

41 ýaşly portugaliýaly oýunçy Saud Arabystanynyň çempionatynyň «Al-Riýad» (2-nji fewral) we «Al-Ittihad» (6-njy fewral) toparlaryna garşy iki oýny, şeýle hem 11-nji fewralda Aşgabatda «Arkadag» toparyna garşy ilkinji oýnuny goýberenden soň, öz toparyna gaýdyp geldi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, Ronaldu toparyň ýolbaşçylaryndan närazylygy we bäsdeş toparlar bolan «Al-Hilal», «Al-Ittihad» hem «Al-Ahli» toparlaryna garanyňda, Saud Arabystanynyň döwlet maýa goýumy gaznasyndan ýeterlik maýa goýulmaýanlygy sebäpli, oýunlary ret edipdi. Toparyň birnäçe işgäriniň aýlyk zähmet haklarynyň tölenmändigi barada hem habarlar aýdylýardy. Ýolbaşçylar ähli bergilerini üzenden soň, portugaliýaly oýunçy bu toparda oýnamagyny dowam etdirmäge razy boldy.

Kriştianu Ronaldu Saud Arabystanynyň çempionatynyň 22-nji tapgyrynyň myhmançylykda geçirilen duşuşygynda meýdança gaýdyp geldi. Şol duşuşygyň dowamynda «Al-Nassr» topary «Al-Fateh» toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi we ähli ýaryşlarda gazanan ýeňiş sanyny sekiz oýna çenli artdyrdy.

«Al-Fateh» toparyna garşy oýunda Sadio Mane, Mohamed Simakan, Inigo Martines, Kiňsli Koman, Marselo Brozowiç we Žoau Feliks ýaly ähli esasy futbolçylar eýýäm meýdançadady, bu bolsa toparyň halkara jogap oýnuna doly taýýardygyny görkezýärdi.

Duşuşygyň ilkinji 15 minudynda Ronaldo iki gezek derwezä top urdy, emma olaryň ikisi hem sowa geçdi. Ol ahyrsoňy 18-nji minutda tapawutlanyp bildi. Mane topy merkezi meýdança geçirdi, şondan soň Kriştianu ony ýakyn aralykdan sag burça urdy. Bu gol Ronaldunyň 1000 gol salmak maksady ugrundaky 962-nji goly boldy.

Bu duşuşykda gutarnykly hasaby 78-nji minutda Komanyň beren topundan peýdalanyp, Aýman Ýahýa jerime meýdançasynyň çäginden ajaýyp urgusy bilen topy derwezäniň kese agajynyň edil aşagyndan girizdi.

Duşuşygyň ahyrynda, ýeňijiniň kimdigi baradaky mesele aradan aýrylanda, portugaliýaly oýunçy çalşyryldy we soňky jürlewükden soň, duşuşygyň iň gowy oýunçysyna berilýän baýragy aldy.

Bu ýeňişden soň, Er-Riýadly topar Saud Arabystanynyň ligasynda 52 utuk bilen ikinji orunda durýar we «Al-Hilal» toparyndan bir utuk yza galýar. «Al-Nassr» toparynyň esasy hüjümçisi Kriştianu Ronaldu bolsa liganyň iň köp gol geçirenler bäsleşiginde Julian Kinones (Al-Kadisiýa) bilen ikinji orny paýlaşýar – olaryň ikisi-de 18 gol geçirdi. «Al-Ahli» toparynyň futbolçysy Aýwen Toni (20) birinji orunda galýar.

«Al-Nassr» toparynyň Er-Riýadda «Arkadag» toparyna garşy boljak jogap duşuşygy barada aýdylanda, sport boýunça ýöriteleşen iri amerikan multimedia şereketi ESPN, Kriştianu Ronaldunyň toparynyň taryhynda milli oýunda hiç haçan ýeňilmedik türkmen topary bilen duşuşjakdygyny habar berýär.

«Arkadag» futbol topary ajaýyp rekord bilen öwnüp biler: tutuş taryhynda onuň oýunçylary milli çempionatda hiç haçan bir utuk hem ýitirmedi. Topar 2023-nji ýylyň aprelinde döredileninden bäri, 82 liga oýnunyň hemmesinde ýeňiş gazandy we yzly-yzyna üç gezek Türkmenistanyň çempiony boldy» diýip, ESPN-iň web saýtynda aýdylýar.

Neşir, şeýle hem «akylly» Arkadag şäheriniň bu futbol toparynyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilendigini nygtaýar. Makalada bu arzyly toparyň ýerli zehinlerden ybaratdygy, munuň-da uly artykmaçlykdygy bellenilýär.

«Arkadag» toparynyň futbolçylary eýýäm Saud Arabystanynyň paýtagtyna gelip, Aşgabat wagty bilen sagat 23:15-de başlanjak jogap duşuşygynyň öňüsyrasynda Şazada Abdulrahman bin Saud stadionynda türgenleşik geçdiler.

Ýatlama. Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda geçirilen ilkinji duşuşygynda «Arkadag» futbol topary esasy oýunçylary bolmadyk «Al-Nassr» toparynyň ikinji düzüminden 0:1 hasabynda utuldy. Ýeňiş goluny 19-njy minutda Abdulla Al-Hamdan Gabriel Anželonyň beren topuny alyp geçirdi.

Bu toparlaryň arasyndaky iki oýunly bäsleşigiň ýeňijisi çärýek finalda «Al-Zawraa» (Yrak) we «Al-Wasl» (BAE) toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi bilen oýnar. Günbatar zolagyň beýleki çärýek finalynda «Fulad Mobareke Sepahan» (Eýran) bilen «Al-Ahli» (Katar) hem-de «Esteglal» (Eýran) bilen «Al-Husseýn» (Iordaniýa) toparlarynyň arasyndaky duşuşyklaryň ýeňijileri duşuşarlar.