Ï Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl

view-icon 389

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçen 2025-nji ýyl Türkmenistanyň söwda we telekeçilik ulgamlarynda hem durnukly ösüşiň gazanylandygyny, düzümleýin özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylandygyny aýdyň görkezdi.

13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde amala aşyrylan ykdysady strategiýanyň geçen ýylyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterim artmagyna ýardam edendigi bellenildi. Nygtalyşy ýaly, hasabat döwründe ösüş depgini senagat pudagynda 1,8 göterime, gurluşykda 7,9 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 9,8 göterime, söwdada 9,6 göterime, oba hojalygynda 7 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,5 göterime deň boldy. 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, geçen ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,2 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 13,2 göterim ýokarlandy. 2025-nji ýylyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 101,5 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 99,7 göterim ýerine ýetirildi.

2025-nji ýylda ýetilen sepgitler barada aýtmak bilen, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we sanlylaşdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi esasynda söwda toplumynda hem-de hususy pudakda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylandygyny bellemek gerek. Ýylyň dowamynda häzirki zaman söwda ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Paýtagtymyzda, welaýatlarda telekeçiler tarapyndan gurlan täze söwda we dynç alyş merkezleri, dükanlar açyldy. Bu ugra sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berildi, elektron söwdanyň gerimi ep-esli giňeldildi, müşderilere harytlary eltip berýän onlaýn platformalaryň, ykjam goşundylaryň sany artdy. Bu bolsa, öz gezeginde, önüm öndüriji bilen sarp edijiniň arasynda ygtybarly gatnaşygy üpjün edip, söwda hyzmatlarynyň ilat üçin has elýeterli bolmagyna mümkinçilik döretdi.

Ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak hem wajyp wezipeleriň biridir. Geçen ýylda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 108,1 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 106,7 göterime barabar boldy. Döwlet goldawynyň, ýeňillikli karzlaşdyrmagyň hasabyna hususy oba hojalyk kärhanalary ýyladyşhana hojalyklarynyň gerimini barha giňeldýärler. Telekeçiler içerki sarp edijileri diňe bir esasy azyk önümleri bilen dolulygyna üpjün etmän, eýsem, pomidor we beýleki oba hojalyk önümlerini goňşy ýurtlara, GDA agza döwletlere yzygiderli iberýärler. Ýurdumyzyň işewürleri täze ekerançylyk ýerlerini özleşdirmegiň, dürli miweli baglary döretmegiň, ýyladyşhana hojalyklarynyň çägini giňeltmegiň hasabyna öndürilýän azyk önümleriniň möçberini artdyrmak ugrunda uly işleri alyp barýarlar. “Miwe” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 110 gektara barabar bolan banan ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhana toplumy şolaryň biridir. Paýdarlar jemgyýetine agza telekeçiler alma, armyt, garaly, badam ýaly miwedir ir-iýmişleri öndürmek bilen hem meşgullanýarlar. Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylda “Gündogar akymy” hojalyk jemgyýeti Diýarymyzda ilkinjileriň hatarynda 350 gektar ýerde soýa ekinini ösdürip ýetişdirdi.

Maldarçylyk pudagyna-da öňdebaryjy daşary ýurt tejribeleri işjeň ornaşdyrylýar. “Golştin”, “simmental”, “angus” tohumly et we süýt ugurly iri hem ownuk şahly mallary, afrika düýeguşlaryny, sülgünleri, käkilikleri, hind towuklaryny ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan “Ajaýyp ussat halal önümler”, “Sahabatly” hojalyk jemgyýetleri ýokary netijeleri gazanýarlar.

Türkmenistan häzirki döwürde ýokary hilli önümleri öndürmekde, bäsdeşlige ukyply hyzmatlary hödürlemekde ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ýurt hökmünde halkara jemgyýetçilikde giňden tanalýar. “Türkmenistanda öndürildi” diýen haryt nyşany dünýäniň söwda giňişliginde ýurdumyzyň abraýyny artdyrmakda möhüm guraldyr. Bu nyşan diňe bir harydyň gelip çykan ýerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, hiliň, milli önüm öndürijileriň ygtybarlylygynyň hakyky görkezijisine hem öwrüldi. Bu başlangyjyň öz wagtynda oýlanyşykly öňe sürlendigi strategik sepgitler arkaly subut edildi. Şol üstünlikler diňe bir dokma we azyk senagatyna däl, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň öndürýän hojalyk himiýa önümlerine, mebellere, gurluşyk serişdelerine hem degişlidir.

Birleşmäniň agzalary ýerli çig mal serişdelerini ulanmak arkaly daşyndan getirilýän harytlaryň öwezini üstünlikli dolup bilýändiklerini geçen ýylyň maýynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergide aýdyň görkezdiler. Şolaryň hatarynda «Galkynyş plastik», «Erjel-Begenç» hususy kärhanalaryny, «Döwlet gurluşyk», «Döwletli Döwran» hojalyk jemgyýetlerini we beýlekileri görkezmek bolar. Bu gözden geçiriliş telekeçilerimiziň diňe bir desgalary gurmak bilen çäklenmän, çig maly gazyp almakdan başlap, ýokary hilli taýýar önümleri öndürmäge çenli önümçiligiň uly toplumyny döredýändiklerini hem doly subut etdi.

2025-nji ýylda telekeçilik pudagynyň ösüşi durmuş ulgamynda aýdyň beýanyny tapdy. Hususy pudagyň wekilleri ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň, saglygy goraýyş merkezleriniň gurluşyklaryna işjeň gatnaşdylar. Munuň özi döwletiň we hususyýetçiligiň özara hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň güwäsidir. Geçen ýylda tamamlanan esasy gurluşyklaryň arasynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Döwletli mekan, Kaka etrabyndaky Bagtly zamana obalaryny, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky Bitaraplyk şäherçesini görkezmek bolar. Olarda ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň uly hatary döredildi. Döwrebap ýaşaýyş toplumlarynyň taslamalary işlenip taýýarlanylanda oba durmuşyna mahsus ähli zerurlyklar we aýratynlyklar göz öňünde tutuldy. Gurlan her bir ýaşaýyş jaýynyň howlusynda hojalyk desgalary bilen birlikde, mellek, awtoulag üçin ýerler, häzirki zaman inženerçilik ulgamlary bar. Öýleriň otaglarynda, aşhanasynda ýokary hilli mebellerdir tehnikalaryň bolmagy ilaty ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek boýunça döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Ösüşiň häzirki tapgyrynda milli telekeçilik pudagy täze tehnologik özgerişlikleri başdan geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn goldawlary esasynda sanlylaşdyrmak boýunça strategik ugur hususy pudak üçin kuwwatly itergi beriji güýje öwrüldi. Döwlet syýasaty işewürlik üçin diňe bir amatly gurşawy döretmek bilen çäklenmän, dolandyryş ulgamynda düýpli özgertmelere getirip, kärhanalaryň innowasion esasda ösmegi üçin ýol açýar. Şunlukda, ýurdumyzyň işewürleri diňe bir taýýar tehnologiýalary ulanyjylar bolman, olary işläp taýýarlaýjylar, öndürijiler hökmünde hem çykyş edýärler. Öňdebaryjy işewürlik usullarynyň utgaşdyrylmagy kärhanalara ählumumy sanly ykdysadyýetiň berk talaplaryna dessin uýgunlaşmaga, netijede, tehnologik meseleleri ösüş üçin täze mümkinçiliklere öwürmäge ýardam berýär.

Ýokary tehnologik önümçilikleriň döredilmegi we ösdürilmegi bu ugurdaky işleriň logiki netijesidir. Çylşyrymly elektronika harytlarynyň önümçiligini özleşdiren “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan işi bu babatda hususy pudagyň başlangyçly orun eýeleýändiginiň aýdyň mysallarynyň biridir. Häzirki wagtda türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň arasynda kompýuterler, noutbuklar, smartfonlar, routerler, smart-telewizorlar we dürli pudaklar üçin ýöriteleşdirilen enjamlar bar.

Ýurdumyzyň hünärmenleri tarapyndan döredilen önümleriň iş aýratynlyklary we ulanyş taýdan ygtybarlylygy boýunça daşary ýurtda öndürilýän şeýle görnüşli harytlardan birjik-de kem däldigini bellemek möhümdir. Munuň özi olaryň bäsdeşlige ukyply “akylly” tehnologiýalary döretmek boýunça inženerçilik pikirlenişiniň we başarnyklarynyň ýokary mümkinçilikleri özünde jemleýändigini görkezýär. Döwlet goldawlarynyň, hususy başlangyçlaryň ýakyndan utgaşdyrylmagy ýurdumyzyň häzirki ählumumy sanly giňişlige mundan beýläk-de doly uýgunlaşmagy hem-de tehnologik garaşsyzlygyny gazanmagy üçin berk binýady döredýär.

Geçen ýyl, 2024-nji ýyldaky görkezijiler bilen deňeşdirilende, Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde 106,3 göterim, şol sanda nah ýüplügiň önümçiliginde 111,7 göterim, nah matalaryňkyda 118,8 göterim, gön önümleriniňkide 111,4 göterim ösüş depgini gazanyldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 102,2 göterim ýerine ýetirildi. Pagta süýümini gaýtadan işleýän, ýüplükleri, dürli görnüşli matalary, taýýar tikinçilik önümlerini öndürýän senagat toplumlary Watanymyzyň okgunly ösüşine uly goşant goşýarlar. Häzirki wagtda «Gala», «Ýeňiş», «Goza», «Wada», «Nusaý», «Bedew», «Bürgüt», «Akpamyk», «Merw», «Jeýtun», «Mäne» haryt nyşanlary bilen ýokary tehnologiýalaryň esasynda öndürilýän, ekologik taýdan arassa önümler içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplydyr. Dokma pudagynyň ösüşi ekologik taýdan arassa çig mala daýanýan häzirki zaman önümçilik ülňüleriniň ornaşdyrylmagy bilen şertlendirilendir. Milli haryt nyşanlary sarp edijileriň ýokary isleglerine laýyk gelýän eksport ugurly önümleriň sanawynda öz ornuny barha berkidýär.

Senagat ösüşi bilen birlikde, milli halyçylyk däplerini gorap saklamak we baýlaşdyrmak boýunça hem giň gerimli işler amala aşyrylýar. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň degişli kärhanalary bu mirasyň geljek nesillere ýetirilmegi, dikeldilmegi, halkara derejede ykrar edilmegi ugrunda toplumlaýyn işleri alyp barýar. Türkmen zenanlarynyň irginsiz yhlasy bilen her bir haly önümi milli buýsanjyň nyşany hökmünde öz ornuny görkezip, dünýä derejesindäki sungata öwrülýär.

Öndürijilere we iberijilere bildirilýän ýokary talaplary utgaşdyrýan netijeli söwda ulgamy sarp edijä gelip gowuşýan önümiň ýokary hilli bolmagyna gözegçilik edýän esasy gatnaşyjy bolmak bilen, döwletiň ilatyň saglygyny goramak boýunça tagallalaryna hem goşant goşýar. Häzirki wagtda ştrih-kodlar arkaly belgilemek ulgamyny ornaşdyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň önüm öndürijileri tarapyndan öndürilýän harytlaryň müňlerçesi bu babatda degişli bellige alyndy. Türkmenistanyň GSI (Global Standart) ulgamyna goşulmagy ýurdumyzyň halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyna jogapkärli gatnaşyjy hökmünde ykrar edilýändigini görkezýär.

Diýarymyzda öndürilýän önümleriň möçberiniň we olara islegleriň barha artýandygy, ştrih arkaly kodlamak ulgamynyň ornaşdyrylýandygy göz öňünde tutulanda, eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de görnüş taýdan baýlaşdyrmak üçin söwda-ykdysady gatnaşyklaryň çäklerinde täze mümkinçilikler açylýar. Bazar ykdysadyýetine geçilen döwürden bäri ýurdumyzda harytlar biržasy ösüşlere eýe bolýar. 2025-nji ýylda Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 299 birža söwdasy geçirilip, olarda 29 müň 975 şertnama hasaba alyndy. Bu düzüm harytlaryň ýurda getirilmegine we äkidilmegine täsir edýän şertleri seljermek bilen, eksport-import amallarynyň maksada laýyklygyna baha berip, daşary ýurda iberilýän türkmen harytlaryna nyrhlaryň kesgitlenilişine gözegçilik edýär. Birža söwdalaryna çykarylýan ýerli önümler daşary döwletleriň işewür toparlary tarapyndan satyn alynýar.

Döwlet haryt-çig mal biržasy öňdebaryjy tejribäni özleşdirmek arkaly harytlar bazaryny mundan beýläk-de ösdürmek, daşary söwda amallaryny işjeňleşdirmek, ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady ulgamyna işjeň gatnaşmagy üçin eksport edilýän harytlaryň möçberini artdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňde goýlan wezipeleri çözmek ugrunda işleri durmuşa geçirýär. Şeýle-de birža işini düzgünleşdirýän kanunçylyk namalary döwletimiziň bähbitlerine, döwrüň talaplaryna laýyklykda ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli guralan serginiň çäklerinde paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum geçirildi. Ol ýurdumyzyň hususy pudagynyň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak, döwlet bilen hususy düzümleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat etdi. Forumyň çäklerinde maýa goýum kuwwatlyklaryny, Diýarymyzyň senagat, ylmy-tehnologik, durmuş-ykdysady ösüşine ýardam bermegiň gurallaryny has giňişleýin ýüze çykarmak babatda maslahatlaşmalar guraldy. Onuň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Hususan-da, ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri bilen Russiýa Federasiýasynyň, Niderlandlar Patyşalygynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň kompaniýalarynyň arasynda çarçuwaly ylalaşyklara, özara düşünişmek hakynda ähtnamalara gol çekildi. Şeýle hem hususy kärhanalaryň täze önümleriniň we maýa goýum taslamalarynyň tanyşdyrylyşy boldy. Şunuň bilen baglylykda, teklip edilýän taslamalaryň ykdysady netijeliligine, ekologik talaplara laýyklyk derejesine aýratyn üns berildi.

Awgust aýynda geçirilen “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ajaýyp wakalarynyň biri boldy. Sergi ýurdumyzda çagalar üçin senagat önümçiliginiň ykdysadyýetiň ýokary tehnologiýaly ugurlarynyň birine öwrülendigini, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillere ähli şertleriň döredilýändigini aýdyň görkezdi.

18-19-njy sentýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, maýa goýumlary çekmäge we köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçirildi. Çärä gatnaşyjylara ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeler bilen tanyşmak, ýakyn geljekde ykdysady ösüşiň täze itergi beriji güýjüne öwrüljek taslamalary hem-de ulgamlary öz içine alýan strategik hyzmatdaşlyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ähli mümkinçilikler döredildi.

Şeýlelikde, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy baýram edilen 2025-nji ýylda giň gerimli döwlet goldawynyň, hususy pudagyň döredijilikli başlangyçlarynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagy Türkmenistanyň tehnologiýa babatda mundan beýläk-de öňe gitmegi üçin berk binýady döretdi. Döwlet we hususy düzümleriniň berk arabaglanyşygy bolsa döwrebap, diwersifikasiýalaşdyrylan hem-de özbaşdak milli ykdysadyýeti kemala getirmekde kesgitleýji şert bolup durýar.