Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Mübärek Oraza aýy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy hem-de gutlaglarymy ibermäge şatdyryn. Gudraty Güýçli Allatagaladan bu mukaddes aýda ähli doga-dileglerimizi kabul etmegini dileýärin.
Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri
Salman ben Abdelaziz Al Saud,
Saud Arabystanynyň Patyşasy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Mukaddes Oraza aýy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy we gutlaglarymy beýan edýärin.
Mohammed VI,
Marokkonyň Patyşasy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Mübärek Oraza aýynda Siziň Alyhezretiňize mähirli arzuwlarymy ýetirmäge şatdyryn. Goý, bu mukaddes aý Size we ýurtlarymyzyň dostlukly halklaryna bagtyýarlyk, abadançylyk getirsin!
Hormatly jenap Prezident!
Dost-doganlygyň we jebisligiň asylly gymmatlyklaryny özünde jemleýän bu mübärek aýda Gudraty Güýçli Allatagaladan parahatçylygy, howpsuzlygy, ähli musulman ymmatynyň arasynda raýdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalarymyzyň üstünliklere beslenmegini dileýärin.
Hormatlamak bilen,
Abdel Fattah Al-Sisi,
Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Mübärek Oraza aýy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy hem-de gutlaglarymy ibermäge şatdyryn. Gudraty Güýçli Allatagaladan bu mukaddes aýda ähli doga-dileglerimizi kabul etmegini dileýärin.
Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud,
Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Ministrler Kabinetiniň Başlygy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly jenap Prezident!
Siziň Alyhezretiňize hut öz adymdan hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sekretariatynyň adyndan mukaddes Oraza aýy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy we gutlaglarymy ibermek hormatyna eýedirin. Gudraty Güýçli Allatagaladan Türkmenistana rowaçlyk, musulman ymmatyna bolsa abadançylyk dileýärin.
Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Hisseýn Brahim Taha,
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.