Ï «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ýylyň zenany» bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi

view-icon 114
«Ýylyň zenany» bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi

Türkmenabat şäheriniň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda jebis jemgyýetimiziň nurana dünýäsinde aýratyn orna eýe bolan zenanlaryň işjeňligini artdyrmak, abraý-mertebesini has-da beýgeltmek maksady bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň yglan eden «Ýylyň zenany» atly bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi.

Zenanlaryň zehin-başarnyklaryny açyp görkezmek, ösüşleriň dürli ugurlary boýunça olaryň tekliplerini öwrenmek, agzybirligi, milli mirasymyzdan gözbaş alýan, maşgala abadançylygyny üpjün edýän mukaddes ýörelgelerimizi wagyz etmek ýaly asylly ýörelgelere esaslanýan bu bäsleşige welaýatyň etrapdyr şäherlerinden deslapky tapgyrda üstünlikli çykyş eden zenanlaryň 60-a golaýy gatnaşdy. Bäsleşigiň şertlerine zenanlaryň döwletimiziň okgunly ösüşlerine mynasyp goşant goşmak, amaly-haşam, zergärçilik we beýleki milli gymmatlyklarymyzy, sungatymyzy öz içine alýan, şeýle hem ata Watanymyza wepaly merdana nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, harby we hukuk goraýjy edaralarda zähmet çekýän gujur-gaýratly zenanlarymyzyň watançylyk duýgularyny açyp görkezmek, obalary medeni-durmuş taýdan ösdürmek, oba hojalyk önümçiligini has-da kämilleşdirmek, milli ykdysadyýetimiziň ösmegine uly ýardam berýän telekeçi zenanlarymyzyň alyp barýan tutanýerli işlerini şöhlelendirmek hem-de halypa-şägirtlik ýoluny ündemek ýaly wajyp ugurlaryň girizilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Bäsleşige gatnaşyjy zenanlar ykjam taýýarlykly gelendiklerini, öz alyp barýan işleriniň hakyky ussatlarydygyny täsirli çykyşlaryň üsti bilen görkezmegi başardylar. Hakyky baýramçylyga öwrülen bäsleşikde welaýat we şäher medeniýet merkezleriniň gyzlar tans toparlarynyň, Saýat etrabynyň «Çapak» folklorçy zenanlarynyň şowhunly çykyşlarynyň ýaýbaňlandyrylmagy dabara aýratyn röwüş çaýdy. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, degişli ugurlar boýunça Saýat etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň hünär ugry boýunça mugallymy Gülälek Sahatowa, Hojambaz etrap çagalar-ýetginjekler we döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy Gülşat Sadykowa, Döwletli etrabynyň Medeniýet öýüniň tans goýujysy Jennet Akmyradowa, Halaç etrabyndaky 10-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Gülälek Gubakowa, Türkmenabat şäherinden harby gullukçy Maral Jumageldiýewa, Farap etrabyndan kärendeçi zenan Narjemal Haitowa, Halaç etrabyndan telekeçilik bilen meşgullanýan Annagözel Jumageldiýewa, Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Annagül Penjiýewa dagy bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi.

Ýokary ruhubelentlige beslenip geçen bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň gymmat bahaly sowgatlaryna we Hormat hatlaryna mynasyp boldular hem-de bu bäsleşigiň Aşgabat şäherinde Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.