Ï Türkmenistanly karateçi BAE-de geçirilen ýaryşda altyn medal gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly karateçi BAE-de geçirilen ýaryşda altyn medal gazandy

view-icon 117
Türkmenistanly karateçi BAE-de geçirilen ýaryşda altyn medal gazandy
camera-icon
Türkmenistanyň Karatedo federasiýasy

Türkmen türgeni Jora Öwezmyradow Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen halkara ýaryşda altyn medala mynasyp boldy.

«Dubai International Doka Cup 2026» atly halkara karatedo ýaryşy Bütindünýä karate federasiýasynyň (WKF) howandarlygynda geçirildi we 18 ýurtdan 697 türgeni bir ýerde jemledi.

Jora Öwezmyradow 55 kilograma çenli agram derejesinde kumite görnüşi boýunça çykyş edip, iň ýokary derejeli baýrak – altyn medaly gazandy.

Ýaryşyň ýeňijisi Aşgabat şäherindäki 52-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 12-nji synpynda okaýar. Ol Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Aýdyň Çaryýewiň ýolbaşçylygynda karate bilen meşgullanýar.