Ï Balkanabatda zehinli ýaşlaryň intellektual bäsleşigi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Balkanabatda zehinli ýaşlaryň intellektual bäsleşigi geçirildi

view-icon 99

«Kämil bilim» okuw merkeziniň Balkanabat şäherindäki şahamçasynda ýaşlaryň arasynda üç tapgyrdan ybarat bolan breýn-ring intellektual bäsleşigi geçirildi. Bu çäre Balkan welaýat Baş bilim müdirligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi hem-de «Kämil bilim» okuw merkeziniň Balkanabat şäherindäki şahamçasy tarapyndan bilelikde guraldy.

Bäsleşige Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplaryndan hem-de Balkanabat şäherindäki orta mekdepleriň 10 – 12-nji synplarynda bilim alýan okuwçylardan ybarat jemi 25 topar gatnaşdy.

Fewral aýynyň dowamynda geçirilen ýaryşyň saýlama tapgyrlary test görnüşinde bolup, toparlar final tapgyryna çykmaga hukuk gazanmak ugunda bäsleşdiler.

Breýn-ring düzgünine görä geçirilen bu bäsleşiklerde ýaşlar diňe bir çuňňur bilimi däl, eýsem, berlen soraglara sekuntlaryň içinde dogry jogap bermek, logiki pikirlenmek we toparlaýyn işlemek ukyplaryny hem görkezdiler. Finalda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň talyplary bilen Balkanabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiniň okuwçylary ýaryşdylar.

Çäräniň guramaçylyk işleri we ýaşlaryň işjeňligi barada «Kämil bilim» okuw merkeziniň Balkanabat şahamçasynyň robot tehnikasy boýunça mugallymy Söhbetmyrat Bäşow şeýle gürrüň berdi:

– Bu ýaryş ýaşlaryň intellektual taýdan özara bäsleşmegi üçin döwrebap meýdança öwrüldi. Sanly tehnologiýalaryň ösen döwründe, ýaşlarymyzyň çalt seljermek we takyk netije çykarmak ukyplaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Geçirilen üç tapgyryň netijeleri ýaşlaryň bilim derejesiniň ýokarydygyny we şeýle intellektual bäsleşiklere bolan isleginiň uludygyny görkezdi. Geljekde-de zehinli ýaşlary ýüze çykarmak üçin şeýle çäreleri yzygiderli geçirmegi meýilleşdirýäris.

Ýaryşyň emin agzalarynyň netijelerine görä, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň talyplary birinji orna, Balkanabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň okuwçylary ikinji orna, Balkanabat şäherindäki 12-nji we 6-njy orta mekdepleriniň okuwçy toparlary bolsa üçünji orna mynasyp boldular.

Ýeňijilere guramaçylar we ýaryşyň hemaýatkärleri tarapyndan ýadygärlik sowgatlar hem-de Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu intellektual bäsleşik ýaşlaryň ylma bolan höwesini artdyrmakda we olaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.