Ýurdumyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasat strategiýasy häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti edarasynyň direktory Hans Klýugäni kabul etdi. Myhman BSGG hem-de BMG bilen hyzmatdaşlykda saglygy goraýyş diplomatiýasyny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli tagallalary üçin döwlet Baştutanymyza Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin» atly ýörite sylagyny gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiz bu sylagy ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işlere we gazanylýan netijelere Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan berilýän ýokary bahanyň ykrarnamasy hökmünde kabul edýändigini belledi hem-de ýola goýlan oňyn tejribeden ugur alyp, türkmen tarapynyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
Geçen hepdede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda saparda boldy. Gahryman Arkadagymyzyň sapary mazmunly duşuşyklara we işewür häsiýetli gepleşiklere baý boldy.
Arkadag şäherinde hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap golf meýdançalaryny gurmak boýunça taslamalary durmuşa geçirmek meselesi türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Nicklaus Companies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz hem-de kompaniýanyň ýolbaşçylar düzüminiň wekilleri bilen geçiren duşuşyklarynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz kompaniýanyň teklipleri bilen tanyşdy hem-de birnäçe ugurdaş desgalara baryp gördi. Şolaryň hatarynda «Panther» milli golf kluby, «Sandhill Crane Golf Club» okuw-türgenleşik merkezi bar. Şeýle-de bu ýerde dokma senagatyna degişli önümleriň, şol sanda Türkmenistandan getirilen dokma önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy saparynyň çäklerinde “La Victoria” atçylyk toplumyna baryp gördi. Bedewleriň saklanyş şertleri, atlary bäsleşiklere taýýarlamaga niýetlenen mümkinçilikler, seýisleriň iş tertibi bilen tanyşlygyň dowamynda iki ýurduň atşynaslarynyň arasynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek boýunça birnäçe teklipler beýan edildi.
Iki döwletiň işewür toparlarynyň arasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri hormatly Arkadagymyzyň “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart, şeýle hem tanymal syýasatşynaslar we işewürler bolan Stiw Winn, Aýzek Perlmutter, «Oxbow Group» kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Wilýam Koh, “John Deere Walldorf International GmbH” kompaniýasynyň Baş direktory, GDA we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň oba hojalygy ugry boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýko bilen geçiren duşuşyklarynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran saparyny tamamlandan soňra, Gahryman Arkadagymyz Germaniýa Federatiw Respublikasyna bardy. Diplomatyň hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynda behişdi bedewleri giňden wagyz etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, ahalteke bedewleriniň Germaniýanyň Aahen şäherinde geçiriljek «FEI World Championship 2026» çempionatyna, Niderlandlar Patyşalygynda, Fransiýada we Beýik Britaniýada guraljak gözellik bäsleşiklerine, atçylyk sporty boýunça çärelere gatnaşmagyna taýýarlyk görmäge aýratyn üns berildi.
ABŞ saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow millionlarça teletomaşaçysy bolan «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy Rizwan Han bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň esasy maksady, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň, ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlary barada Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi.
Energetika ulgamy aýratyn üns berlen meseleleriň biri boldy. “Türkmenistan, hakykatdan-da, uglewodorod serişdeleriniň örän uly gorlaryna eýe bolan döwletdir. Şunlukda, tebigy gazyň kesgitlenen we tassyklanan möçberi boýunça biz dünýäde dördünji orny eýeleýäris. Türkmenistan häzirki zamanyň geoykdysady şertlerinde bu ýagdaýyň ähmiýetine has doly düşünmek bilen, öz energetika strategiýasyny, şol sanda ony halkara bazarda örän jogapkärçilikli, oýlanyşykly esasda ýola goýýar. Şunda baş maksat energetika akymlaryny akylly-başly diwersifikasiýa etmekden we olaryň deňagramly esasda sazlaşygyny, howpsuz, ygtybarly görnüşde iberilmegini üpjün etmekden ybaratdyr” diýip, Milli Liderimiz nygtady. Hususan-da, häzirki wagtda TOPH-nyň Owganystanyň çägindäki birinji tapgyrynyň gurluşygy alnyp barylýar, ol «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylýar. Bu taslama halkara derejede goldaw tapýar, şol sanda ol ABŞ tarapyndan hem goldanylýar.
Geljekde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän Hazarüsti gaz geçirijisi barada aýdylanda bolsa, energetika akymyny diwersifikasiýa etmegiň hem-de yklymda energetika howpsuzlygyny gazanmagyň möhüm ugurlarynyň biri bolan bu taslamanyň halkara hukuk häsiýetli, ylaýta-da, Hazar deňziniň düýbüni delimitasiýa etmek meselesini çözmek zerurdyr. Birnäçe wagt mundan ozal, bu mesele bilen meşgullanmak üçin türkmen-azerbaýjan iş topary döredildi.
Bellenilişi ýaly, köp ýyllaryň dowamynda amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda umumy bahasy 45 milliard amerikan dollaryna golaý bolan ýüzlerçe ykdysady taslama amala aşyryldy we aşyrylýar. “Biz Türkmenistanda innowasion we ylma esaslanýan önümçilikleriň ösüşine amerikan maýa goýumlaryny, tehnologiýalaryny çekmek babatda uly mümkinçilikleri görýäris. Şeýle-de elektroenergetika, kompýuter, logistika hyzmatlary, bilim we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak ýaly ugurlarda amatly şertler bar” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň beýleki möhüm ugurlarynyň hatarynda medeniýet, ylym, bilim we sport ulgamlary görkezildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri “akylly” şäher bolan Arkadag şäherinde ýaşlara ABŞ-nyň abraýly uniwersitetlerinde, ýagny Garwardda, Massaçusets tehnologiýa institutynda, Kolumbiýa uniwersitetinde okuwlaryny dowam etdirmäge mümkinçilik bermäge gönükdirilen, iňlis diline ýöriteleşdirilen mekdebi açmagyň meýilleşdirilýändigine ünsi çekdi.
Florida ştatynda bolmagynyň maksatlary baradaky sowala jogap berip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow işewürlik hyzmatdaşlygynda, maýa goýum işinde, söwda ulgamynda, sport desgalaryny gurmakda we sport işini guramakda bu ştatyň tejribesini öwrenmek, syýahatçylyk pudagynda, atçylyk ugry boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda meýiller hakynda aýtdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Rizwan Hany we “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň döredijilik toparyny ýurdumyzda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň we halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen bedewleriň hormatyna guraljak giň gerimli dabaralara çagyrýandygyny mälim etdi.
20-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Hususan-da, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, Dokma senagaty ministrliginiň önümçilik toplumlarynyň kuwwatyny artdyrmak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmek, ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Mundan başga-da, ýaz paslynyň ilkinji aýynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän dürli çäreler we dabaralar barada aýdyldy.
Mejlisde Daşary işler ministrligi tarapyndan taýýarlanylan Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyna seredildi. Mejlisiň dowamynda beýan edilen teklipleri makullap, hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmennebit” döwlet konsernine zerur bolan tehnikalary we enjamlary satyn almaga ygtyýar bermek hakynda Karara, şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak hakynda Buýruga gol çekdi.
Geçen hepdede hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Mejlisde Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rolliansýah Soemiratdan ynanç haty kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda diplomata Mejlisiň düzümi, alyp barýan köpugurly işleri barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle-de ilçi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-indoneziýa gatnaşyklarynyň giň ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Aşgabatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň bilelikde guramagynda “Bütindünýä saglygy goraýyş çygrynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog” atly halkara okuw maslahaty geçirildi. Oňa iri halkara düzümleriň ýolbaşçylary, görnükli diplomatlar, sebitiň ýurtlarynyň saglygy goraýyş ministrlikleriniň wekilleri, abraýly bilermenler gatnaşdylar.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek meselelerine, GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Çykyşlar sebit hyzmatdaşlygynyň anyk ugurlaryna, saglygy goraýyş diplomatiýasynyň nazaryýet esaslaryna bagyşlandy. Okuw maslahatyna gatnaşyjylar işgärleri taýýarlamak babatda tejribe alyşmak, lukmançylyga innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleri barada tejribe alyşdylar. Forumyň dowamynda Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynyň ähmiýeti bellenildi. Bu resminama öňüni alyş çärelerini, sagdyn durmuş ýörelgelerini ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitläp, bu ulgamda sebit ýurtlary bilen hyzmatdaşlykda ýolgörkeziji bolup durýar.
Daşoguz welaýatynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda açylyp ulanmaga berlen Bitaraplyk şäherçesinde 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy diýlip yglan edilen Köneürgenç etrabyna 1 million amerikan dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi.
Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary” atly maslahat guraldy. Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanda hereket edýän diplomatik wekilhanalar we halkara guramalar tarapyndan sergi ýaýbaňlandyryldy.
Maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Arsen Awagýan, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlon, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Erik Liwni çykyş etdiler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, hemişelik Bitaraplyk, deňhukukly hyzmatdaşlyk, özara hormat goýmak hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan BMG-niň çäklerinde energetika howpsuzlygy, ulag-aragatnaşyk, ekologiýa ugurlary boýunça başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Ýurdumyzyň 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjy Watanymyzyň adalatlylyk ýörelgelerine, kanunyň hökmürowanlygyna ygrarlydygyny tassyklaýar.
Maslahata gatnaşyjylar diplomatiýanyň nusgawy ýörelgelerini häzirki zaman tehnologiýalary bilen sazlaşykly utgaşdyrmak meselesine degip geçdiler, hususan-da, emeli aňyň maglumatlaryň uly toplumyny seljermäge, uzak möhletli strategiýalary işläp taýýarlamaga ýardam berip, diplomatyň mümkinçiliklerini artdyrýan gural bolup çykyş edýändigine ünsi çekdiler. Çäräniň ahyrynda ýaş diplomatlary, institutyň gutardyş ýyl talyplaryny Daşary işler ministrliginiň diplomlary bilen sylaglamak dabarasy boldy, şeýle hem baýramçylyk konserti geçirildi.
Geçen hepdäniň wakalaryna syny dowam etmek bilen, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilendigini bellemek zerur. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine garaldy, şeýle hem 2026-njy ýylyň meýilnamasynda bellenilen wezipelere seredildi.
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň 29-njy martda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk işleri batly depginde dowam edýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýasyndan, raýat toparlaryndan dalaşgärleri hödürlemek boýunça mejlisler, ýygnaklar guramaçylykly geçirilýär.
Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda «Kompozitor» atly filmiň halkara derejedäki nobatdaky üstünligine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Bu film Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky kino günleriniň çäklerinde kino sungatynyň hünärmenleri, tankytçylar we halkara medeni jemgyýetçiligiň wekilleri tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy. Kompozitor Kerim Berdimuhamedow filmiň saz bezeginiň ýokary derejesi üçin «Ganatly altyn bedew» atly ýörite sylag bilen sylaglanyldy. Bu sylag Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan ilkinji gezek gowşuryldy. Filmiň surata düşürilmegine ýakyndan goldaw beren Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna bolsa TÜRKSOÝ-yň «Goşa ganatly uly laçyn» atly ýörite sylagy gowşuryldy.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine, ylmy-tehniki gazananlaryna, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyga, halkymyzyň ruhy-intellektual kuwwatyna daýanýan içeri we daşary syýasatynyň yzygiderli amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsi boldy.