Ï Ýurdumyzda halypa-şägirtlik ýörelgesi dowam etdirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda halypa-şägirtlik ýörelgesi dowam etdirilýär

view-icon 174
Ýurdumyzda halypa-şägirtlik ýörelgesi dowam etdirilýär

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda belleýşi ýaly, ata-babalarymyzda öz bileniňi özgelere-de öwretmek, ýörite ussatlary ýetişdirmek parz saýylypdyr. Halypa hormaty peder sarpasy deýin belent tutulypdyr. Şägirt, okuwçy öz perzendiň deýin eý görlüpdir. Şeýdibem, halypa-şägirtligiň durmuş mekdebi döredilipdir. Şol halypa-şägirtlik mekdebi bolsa türkmen halky üçin ýörelgä öwrülip gadymdan gelýän milli däp-dessurlaryna ornaşypdyr.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 24-nji fewralynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi kafedrasynyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty bilen bilelikde guran halypa-şägirtlik duşuşygy şeýle ýörelgäniň häzirki berkarar döwrümizde hem dowamat-dowama beslenýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Duşuşyk TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynda geçirilip, oňa institutyň alymlarydyr ylmy işgärleri, şeýle hem Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary we institutyň arheologiýa taýýarlyk ugrunyň 2-nji we 4-nji ýyl talyplary gatnaşdylar.

Halypa-şägirtlik duşuşygynda, ilki bilen, TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň direktorynyň orunbasary Han-Durdy Gurbanow çykyp edip, baý medeni mirasymyzy, gadymyýetimizi öwrenmäge, goramaga we ony geljekki nesillere ýetirmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Liderine alkyş sözlerini aýtdy.

Soňra TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň bölüm müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty Allaguly Berdiýew türkmen ahalteke bedewleriniň gelip çykyşy barada çykyş etdi. «Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen halky dünýäde ýabany haýwanlary ilkinji bolup eldekileşdiren halklaryň biridir. Munuň şeýledigine ýurdumyzda ilkinji gadymy siwilizasiýalaryň biri bolan Altyndepede geçirilen gazuw-barlag işlerinde ýüze çykarylan eýerli atyň ussatlyk bilen ýasalan heýkeljiginiň, Änew depelerinden bolsa bedewleriň süňkleriniň, dünýäniň gadymy siwilizasiýalarynyň bäşinjisi hasaplanýan Marguşdaky patyşa gonamçylygyndan tapylan at süňkleriniň onuň arabasy bilen bilelikde tapylmagy anyk subutnama bolup durýar. Bulardan başga-da, taryhy ýadygärliklerden tapylýan dürli döwürlere degişli keramika gap-gaçlarda hem bedewleriň şekilleri sungat derejesine ýetirilip şekillendirilipdir» diýip, Allaguly Berdiýew belläp geçdi.

Gadymyýetden bäri bedewler türkmeniň durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolupdyr. Türkmen bedewini dosty, syrdaşy hasaplapdyr. Ýow gününde-de, toý gününde-de atyny ýanyndan goýmandyr. Hatda atyň nalyny hem gözden-dilden, ýaramazlyklardan goraýan nyşan ýa-da öýleriň bezegi hökmünde ulanypdyr.

TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri, sungaty öwreniji, alym Nurgözel Bäşimowanyň gadymy keramika önümlerinde gabat gelýän nagyşlaryň häzirki haly önümlerinde hem ulanylýandygy, şol nagyşlaryň aňladýan manylary bilen bilelikde häzirki günlerimize gelip ýetenligi baradaky çykyşy hem örän täsirli boldy.

Duşuşykda TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň etnografiýa bölüminiň müdiri Gulamylla Ýagşymyradowyň çyradanlar, institutyň ylmy işgäri Kerim Hojagulyýewiň bolsa epigrafika baradaky çykyşlary uly dykgat bilen diňlenildi.

Halypa-şägirtlik duşuşygynyň dowamynda alymlar bilen talyplaryň arasynda sowal-jogap alşyldy. Bu bolsa duşuşygyň netijeliligi has-da artdyrdy.