Ï «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum maýa goýum dialogynyň meýdançasyna öwrüler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum maýa goýum dialogynyň meýdançasyna öwrüler

view-icon 184
«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum maýa goýum dialogynyň meýdançasyna öwrüler

2026-njy ýylyň 18-nji martynda Aşgabat şäherinde hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmäge bagyşlanan «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2026) atly halkara forum geçiriler. Bu möhüm işewürlik çäresi telekeçiligi ösdürmäge, maýa goýumlaryny çekmäge we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.

Forum Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan, TMT Consulting Group bilen hyzmatdaşlykda guralýar.

Häzirki wagtda gatnaşyjylaryň hasaba alnyşygy dowam edýär, bu bolsa telekeçilere we maýa goýujylara öz gatnaşygyny öňünden tassyklamaga, taslamalary hödürlemäge hem-de iş gepleşikleriniň tertibini düzmäge mümkinçilik berýär.

Hususy pudagy ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak we maýa goýumlaryny çekmek türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän döwlet ykdysady syýasatynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Şonuň bilen baglylykda, IFT 2026 forumynyň geçirilmegi ýurduň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň strategik maksatlaryna laýyk gelýär.

IFT 2026 ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakda we maýa goýum gurşawyny berkitmekde möhüm orun eýeleýän hususy pudagy, şol sanda kiçi we orta telekeçiligi goldamaklyga gönükdirilendir. Forumyň işewürlik maksatnamasy senagat önümçiligi, gaýtadan işlemek, oba hojalygy, maldarçylyk, daýhançylyk, ulag-logistika infrastrukturasynyň ösüşi, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň mehanizmlerini öz içine alar.