Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy satyn aldylar. Mundan başga-da, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük, dokma önümleri, ýoduň spirtli ergini ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 12 million 258 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 44 million 302 müň manatdan gowrak bolan binýatlyk ýagy, polipropileni, peç ýangyjyny («Türkmennebit» döwlet konserni), gazbeton bloklaryny, bugdaý ununy, nah ýüplügi satyn aldylar.