Ï Türkmenistan 2052-nji ýyla çenli döwür üçin ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň milli strategiýasyny işläp düzer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan 2052-nji ýyla çenli döwür üçin ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň milli strategiýasyny işläp düzer

view-icon 163
Türkmenistan 2052-nji ýyla çenli döwür üçin ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň milli strategiýasyny işläp düzer

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyz şu nukdaýnazardan wise-premýer B.Mämmedowa «Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 – 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny» taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Giň gerimli bu resminamada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň halkara talaplaryna laýyk gelýän ylmy-kliniki merkezleriň we şypahanalaryň gurluşygy, lukmançylyk ylmynyň ösüşi we derman senagaty ulgamynyň giňeldilmegi ýaly ugurlarda Türkmenistanyň gazananlaryny berkitmek, şeýle hem halkara guramalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak we dünýädäki iň gowy tejribeleri ornaşdyrmak göz öňünde tutulandyr.

Gahryman Arkadagymyzyň düýpli başlangyçlary netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýän milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işler indi Türkmenistana diňe bir ilatyň saglygyny gowulandyrmaga däl, eýsem, halkara derejesinde ýurduň abraýyny ýokarlandyrmaga-da mümkinçilik berýär.